Ýurdumyzyň çempiony “Altyn asyr” AFK Kubogynyň çäklerinde “D” toparçadaky 4-nji duşuşygynda Gyrgyz Respublikasynyň “Dordoý” toparyny kabul etdi. Duşuşykda katarly Hamis Al-Kuwari jürlewük çaldy. Turuwbaşdan erjel çykyş eden ildeşlerimiz 3–0 hasabynda ýeňiş gazandy. Türkmen futbolçylary özlerine 3 utuk gazandyran 3 goly-da 1-nji ýarymda derwezä girizdiler. Eýýäm 14-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew hasaby açdy.
Ýaryşdaky 4-nji pökgüsini geçiren Altymyrat Annadurdyýew toparçadaky 4 oýunda-da tapawutlanmagy başardy. Şol goldan 3 minut soň, katarly emin ildeşlerimiziň peýdasyna 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Ony Arslanmyrat Amanow dürs ýerine ýetirdi. Duşuşygyň 35-nji minutynda emin ýene bir gezek ak nokady görkezdi. Oýnuň düzgünini bozan myhman toparyň oýunçysy Kursanbek Şeratow 2-nji sarydan gyzyl petek alyp, meýdançadan çykaryldy. 2-nji penaltini-de ýalňyşsyz ýerine ýetiren Arslanmyrat Amanow hasaby 3–0-a ýetirdi. 2-nji ýarymda toparlaryň ikisi-de hasaby üýtgetjek bolup, hüjüm baryny etdiler. Ýöne oýun 3–0 hasabynda türkmen futbolçylarynyň peýdasyna tamamlandy. Şunlukda, “Altyn asyr” ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirip, utugyny 10-a ýetirdi. Ildeşlerimiz gol aratapwudy bilen 2-nji hatarda barýar. Toparçadaky beýleki oýunda-da “Alaý Oş” öz meýdançasynda Täjigistanyň “Istiklolyndan” 4–1 (Abdurahmanow 88 — Jalilow 32,39, Wasiýew 78 p, 82) hasabynda ýeňildi. Nobatdaky tapgyrda “Altyn asyr” 17-nji maýda “Alaý Oş” toparyny kabul eder.