Türkmenistanyň futbol boýunça Milli çempionatynyň 26-njy möwsüminiň çempiony diýen ady “Altyn asyr” topary eýeledi. Olar 28-nji tapgyrda öz meýdançasynda Marynyň “Merwinden” 2–1 hasabynda üstün çykyp, bassyr 5-nji çempionlygyny gazandy.
Türkmenistanyň futbol boýunça Milli çempionatynyň 26-njy möwsüminiň çempiony diýen ady “Altyn asyr” topary eýeledi. Olar 28-nji tapgyrda öz meýdançasynda Marynyň “Merwinden” 2–1 hasabynda üstün çykyp, bassyr 5-nji çempionlygyny gazandy. Duşuşykda “Altyn asyra” ýeňiş getiren gollary Wahyt Orazsähedow (67) bilen Begmyrat Baýow (72) derwezä girizdi. Myhmanlaryň ýeke-täk pökgüsini-de Döwlet Döwletmyradow öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, soňky 5 ýyldan bäri çempionlygy özünde saklap gelýän “Altyn asyr” yzly-yzyna 5 gezek altyn medaly eýelän ilkinji topar boldy. Ondan öň “Köpetdag” bassyr 4 sapar 1-nji orny eýeläpdi. “Altyn asyr” topary öňümizdäki ýylda-da AFK-nyň Kubogy ýaryşynda ýurdumyza wekilçilik eder. Mälim bolşy ýaly, aragatnaşykçylar şu möwsümde diýseň üstünlikli çykyş edip, bu ýaryşda finala çykmagy başarypdy.
28-nji tapgyryň beýleki oýunlarynda-da “Ahal” öz meýdançasynda “Energetikden” 3–2 hasabynda asgyn gelip, bu möwsümde-de kümüş medal bilen oňňut etmeli boldy. “Energetik” bolsa, 2016-njy ýyldan soň, ýene-de çempionaty 3-nji basgançakda tamamlady. Bu duşuşygyň gollary barada aýdylanda, 2 gezek öňe saýlanan “Ahalyň” gollaryny 11-nji minutda Didar Durdyýew, 48-nji minutda Begenç Akmämmedow tora girizdi. Myhmanlaryň adyndanam 47-nji minutda Begenç Guldurdyýew, 58-nji minutda penaltiden Bagtyýar Hojaahmedow hem-de 75-nji minutda Alibek Abdyrahmanow tapawutlandy. Soňky tapgyra çenli 3-nji ýer üçin göreş alyp baran “Şagadam” öz meýdançasynda “Aşgabat” toparyny Hemra Amanmämmedowyň 2 goly bilen ýeňlişe sezewar etdi. “Nebitçini” Ruslan Piriýew hem-de Ezizmämmet Orazmämmedowyň gollary bilen 2–1 utan “Köpetdag” bu ýeňişden soň, sanawda 6-njy orna beýgeldi.
Çempionatda 19 goly derwezä girizen çempion toparyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew iň köp pökgi geçiren oýunçylaryň sanawynda 1-nji orny eýeledi. 17 gezek tapawutlanan Süleýman Muhadow 2-nji orna mynasyp boldy.
26 möwsümi tamamlanan Türkmenistanyň Ýokary ligasynda iň köp çempion bolan topar “Köpetdagdyr”. Bu topar 6 gezek çempionaty 1-nji hatarda tamamlady. “Altyn asyr” 5, “Balkan”, ]öňki HTTU 4, “Nisa” 3, “Aşgabat” 2 hem-de “Şagadam” 1 gezek çempion diýen ady eýelediler.