Türkmenistanyň milli futbol çempionatynda oýnalan soňky duşuşyklardan soň, sanawyň lideri üýtgedi. 24-nji tapgyrda “Şagadamdan”, 22-nji tapgyryň galdyrylan oýnunda-da “Köpetdagdan” üstün çykan “Altyn asyr” ýene-de birinji orna gaýdyp geldi. Aragatnaşykçylar oýnuň 1-nji duşuşygynda “Şagadamyň” torundan jogapsyz 5 pökgi girizdi. 18-nji minutda Mekan Aşyrowyň hasaby açmagyndan soň, toparyň ezber hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew 4 gol geçirdi.
Kubogy 2018-iň finalçysy “Altyn asyr” 22-nji tapgyryň galdyrylan oýnunda “Köpetdagdan” 2–1 üstün çykdy. Duşuşykda myhmanlara ýeňiş getiren gollary Altymyrat Annadurdyýew bilen Wahyt Orazsähedow derwezä girizdi. Şeýlelikde, Altymyrat Annadurdyýew çempionatdaky gollarynyň sanyny 14-e ýetirip, bu ugurda Süleýman Muhadowdan 3 pökgi öňe saýlandy. “Altyn asyryň” bu ýeňişlerinden soň, 2-nji orna düşen “Ahal” 24-nji tapgyrda “Köpetdagy” Süleýman Muhadowyň gollary bilen 2–0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 3-nji orunda barýan “Energetik” öz meýdançasynda “Aşgabat” toparyny Rahmet Şermetowyň 59-njy minutdaky ýeke-täk pökgüsi bilen 1–0 hasabynda ýeňdi. Şermetowyň 76-njy minutda penaltiden dürs peýdalanyp bilmändigini hem belläliň. “Merw” bilen “Nebitçiniň” arasyndaky oýunda myhmanlar 2–1 hasabynda ýeňiş gazandy.
ÇEMPIONY
“ENERGETIK” KESGITLÄR
Şunlukda, çempionatyň tamamlanmagyna 4 tapgyr galanda “Altyn asyr” bilen “Ahalyň” arasyndaky çempionlyk ýaryşy diýseň çekeleşikli ýagdaýda dowam edýär. Häzirki wagtda 1 utuk öňde barýan “Altyn asyryň” “Nebitçi” (myhmançylykda), “Aşgabat”, “Energetik” (myhmançylykda) hem-de “Merw” toparlary bilen duşuşyklary galdy. Garşydaşynyň utuk ýitirmegini tama edýän “Ahal” topary-da “Şagadam” (myhmançylykda), “Nebitçi”, “Aşgabat” (myhmançylykda) hem-de “Energetik” toparlary bilen güýç synanyşar. Iki toparyň-da çempionatyň ahyrlarynda “Energetik” topary bilen duşuşyk geçirýändiklerini nazarda tutup, toparlar ondan öňdäki oýunlarynda ýeňiş gazanan ýagdaýynda çempiony 3-nji orunda barýan “Energetik” kesgitlär diýsek, öte geçdigimiz bolmaz.