Dünýäde öndürilýän şekeriň 30 göterimi şugundyrdan alynýar. Ol diňe bir şeker almak üçin däl, iýmit hökmünde hem giňden ulanylýar. Demir, kaliý, magniý, C we B witaminlerine baý bolan gök ekin, saglyk üçin örän peýdalydyr. Süýji tagamly şugundyryň birnäçe görnüşi bar. Olaryň goýy gyzyl, ak, sary reňklisi bolýar. Italiýanyň Wenesiýa sebitiniň kenarýakalarynda we Koja adalarynda ýetişdirilýän şugundyryň içi gyzyl we ak halkalardan ybarat. Şugundyr gök ekinleriň içinde ysmanaga ýakyndyr. Iýmitlilik kuwwaty ýokary bolan şugundyryň ýapragy hem iýilýär. Onuň ýapragy A witaminine örän baý. Işdäňi açyjy, rahatlandyryjy häsiýetleri bolan gök ekiniň böwrege, ýürege, gan basyşyna, ganazlyga peýdasy uludyr. Ol terligine-de, marinadlanan görnüşde-de satylýar. Maýda şugundyr has ter bolýar. Şugundyr güýz we gyş aýlarynda işdäaçarlara, nahara goşulyp iýilýär.
Şugundyryň adatça, iýmitlik hökmünde ulanylýan gyzyl görnüşinden başga-da, 15 töweregi görnüşi bar. Gyzyl şugundyryň şiresi hem adam saglygy üçin örän peýdaly bolup, lukmanlar tarapyndan maslahat berilýär. Gant şugundyry bolsa, adatça şeker almak üçin senagat taýdan ulanylýar. Onuň düzüminde 12-20 % saharoza bar. Şeýle-de iýmlik şugundyr hem bolýar.