27-nji oktýabrda Argentinada geçirilen Prezident saýlawlarynda “Justicialista” partiýasynyň ýolbaşçysy Alberto Fernandes ýeňiş gazandy. Alberto Fernandes 48 göterim, häzirki liberal Prezident Maurisio Makri 40,4 göterim ses aldy. Saýlawlara gatnaşyk 80,86 göterime deň boldy. Ýurduň raýatlary ýokary döwlet wezipesine alty dalaşgärden birini saýladylar. Mundan başga-da, ýurduň ýaşaýjylary 24 senatory hem-de deputatlar Palatasynyň 130 agzasyny we ýurduň birnäçe welaýatlarynyň gubernatorlaryny saýladylar. Ýurtda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmak üçin saýlawçylaryň azyndan 45 göteriminiň sesini almaly ýa-da iň ýakyn bäsdeşinden 10 göterim töweregi arany açmaly.
Häzirki Prezident Maurisio Makri eýýäm Alberto Fernandesi gutlady. “Justicialista” partiýasynyň dalaşgäri öz nobatynda häzirki Prezident bilen mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk saklajakdygyny aýtdy. Maurisio Makri 2015-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyryp, Kristin Fernandesiň ýerine gelipdi.
60 ýaşly argentinaly ýurist Alberto Fernandes ozalky Prezident Nestore Kirşneriň döwründe hökümete ýolbaşçylyk edip, onuň wezipe möhleti 2008-nji ýylyň 23-nji iýulynda tamamlanypdy.
Ýatlap geçsek, 2018-nji ýylda Maurisio Makriniň hökümeti Halkara Pul Gaznasy bilen 57 milliard dollar möçberindäki karz ylalaşygyny baglaşyp, bu serişdeler gaznanyň taryhynda iň uly karz geleşigi bolupdy.
Argentina dünýäniň iri ýurtlarynyň biri bolup, Günorta Amerika yklymynyň günorta-gündogarynda ýerleşýär. Günbatarda Çili, demirgazykda Boliwiýa we Paragwaý, demirgazyk-gündogarda bolsa, Braziliýa we Urugwaý bilen araçäkleşýär.
Ýurduň ilaty 45 485 166 adama barabar.