Dünýäniň ençeme ýurdunda energiýanyň alternatiw çeşmelerinden giňden peýdalanmak ugrunda köp tagalla edilýär. Soňky 5 ýylyň dowamynda dünýäniň ykdysady taýdan güýçli 20 döwletinde elektrik togunyň 70 göterimi Gün we ýel energiýasyndan alynýar.
“Uly-20”-lige girýän ýurtlar dünýäniň dürli künjeginden gazylyp alynýan ýangyç serişdelerini satyn alýandygyna garamazdan, 2015-nji ýylda elektrik energiýanyň 8 göterimini alternatiw serişdeleriň hasabyna öndürdi. Bu ugurdaky görkeziji 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 4,6 göterim köp. Guramanyň düzümindäki 7 döwletiň elektrik energiýasyna bolan mätäçliginiň 10 göterimden gowragy bu çeşmeler arkaly kanagatlandyrylýar. Bu ugurda Germaniýa liderlik edýär. Bu ýurtda “Energiewende” strategiýasy işlenip düzülip, “ýaşyl” energiýa ulgamyny ösdürmek maksat edinilýär. Germaniýada elektrik togunyň 36 göterimi alternatiw çeşmelerden alynýar.
Mundan başga-da Beýik Britaniýa, Italiýa we Fransiýa ýaly döwletlerde bu ugurdaky görkeziji 19 göterime, Awstriýa bilen Braziliýada bolsa, degişlilikde 11 we 13 göterime deň boldy. Tutuşlygyna Ýewropa Bileleşigini alanyňda, alternatiw çeşmeleriň paýy 18 göterime golaýlaýar. Umuman, dünýäniň köp ýurdunda energiýanyň täze çeşmelerini gözlemek babatda ençeme ýeňillikler döredilýär.
Gazylyp alynýan ýangyç serişdelerinden giňden peýdalanýan ABŞ bilen Hytaýda-da “ýaşyl” energiýa ulgamynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Hytaý arassa energiýa bazarynda iri döwletleriň biridir. Bu ugra gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 329 milliard dollara barabar boldy. Gün panellerini öndürýän hytaýly firmalaryň sany günsaýyn köpelýär.