Dün­ýä­niň iň ga­dy­my kino fes­ti­wa­ly bo­lan We­ne­si­ýa film şüweleňiniň 76-njy­sy ta­mam­lan­dy. 10 gün­läp do­wam eden fes­ti­wal­da baş baý­ra­ga – “Al­tyn ýol­bars” baý­ra­gy­na “Jo­ker” (Jo­ker) fil­mi la­ýyk gö­rül­di. Todd Fil­lip­siň re­žiss­ýor­lyk eden fil­min­de baş keş­bi meş­hur akt­ýor Hoa­kin Fi­niks jan­lan­dyr­ýar. Şu ýy­lyň 4-nji okt­ýab­ryn­dan baş­lap, ki­no­teatr­lar­da gör­ke­zil­jek film­de Hoa­kin Fi­niks ýe­ne bir ýo­la özü­niň us­sat akt­ýor­dy­gy­ny su­but ed­ýär. Fil­miň baş baý­ra­gy ga­zan­ma­gyn­da onuň jan­lan­dy­ran keş­bi­niň şowly çykmagy bilen baglanyşyklydygyny bi­ler­men­ler bel­le­ýär­ler.
Fes­ti­wal­da emin­le­riň “Kü­müş ýol­bars” “Gran Pri” baý­ra­gy­na pol­şa­ly re­žiss­ýor Ro­man Po­lans­ki­niň “Ofi­ser we jan­syz” (J’accuse) fil­mi my­na­syp bol­dy. Ar­gen­ti­na­ly Luk­re­si­ýa Mar­te­liň ýol­baş­çy­lyk eden emin­ler to­pa­ry­nyň ýö­ri­te baý­ra­gy bol­sa, “Olar in­di öň­kü­si ýa­ly däl” (La ma­fia non e piu quel­la di una vol­ta) fil­mi üçin ita­li­ýa­ly re­žiss­ýor Pi­et­ro Mar­çel­lä gow­şu­ryl­dy. Iň go­wy re­žiss­ýo­ra be­ril­ýän “Kü­müş ýol­bars” baý­ra­gy­nyň bu ýyl­daky eýe­si şwe­si­ýa­ly Roý An­der­son bol­dy. Ol “Tü­ke­nik­siz­lik ba­ra­da” (Om det oand­li­ga) at­ly fil­mi üçin bu hor­ma­ta la­ýyk gö­rül­di.
Iň go­wy akt­ýor diý­len ugur­da “Vol­pi” ku­bo­gy­na “Mar­tin Idin” (Mar­tin Eden) fil­min­de baş keş­bi jan­lan­dy­ran ita­li­ýa­ly Lu­ka Ma­ri­nel­li ga­zan­dy. Iň go­wy akt­ri­sa diý­len ugur­da “Vol­pi” ku­bo­gy­na “Glo­ria Mun­di” (Glo­ria Mun­di) fil­min­dä­ki keş­bi üçin fran­si­ýa­ly Arian As­ka­rid my­na­syp bol­dy. Gon­kong­ly re­žiss­ýor Ýon­fa­nyň “7-nji bel­gi – Çer­ri Leýn” (No. 7 Cher­ry La­ne) fil­mi iň go­wy sse­na­riý baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy. Mar­çel­lo Mast­roian­ni­niň ady­ny gö­ter­ýän iň go­wy ýaş ar­tist baý­ra­gy bol­sa, “Süýt diş” (Ba­by­teeth) fil­mi­niň akt­ýo­ry Ro­bi Wol­le­se gow­şu­ryl­dy. “Gel­je­giň ýol­bar­sy” baý­ra­gy “Sen 20 ýa­şyň­da dün­ýä­den gaý­dar­syň” (You Will Die at 20) at­ly il­kin­ji re­žiss­ýor­lyk işi üçin su­dan­ly Am­jad Abu Ala­la be­ril­di. Ki­no sun­ga­ty­na go­şan uly go­şant­la­ry üçin is­pa­ni­ýa­ly re­žiss­ýor Ped­ro Al­mo­do­war hem-de ame­ri­ka­ly akt­ri­sa Ju­li Andr­ýuws “Ömür­bo­ýy ba­şar­nyk” baý­ra­gy­na la­ýyk gö­rül­di.
1932-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän We­ne­si­ýa film fes­ti­wa­ly her ýyl Ita­li­ýa­nyň We­ne­si­ýa şä­he­rin­dä­ki Li­do ýa­ry­ma­da­syn­da gu­ral­ýar. Fes­ti­wa­lyň baş baý­ra­gy­ny mun­dan öň­ki 2 ýyl­da mek­si­ka­ly re­žiss­ýor­lar Gil­ler­mo Del To­ro bi­len Al­fon­so Kua­ron ga­za­nyp­dy. De­giş­li­lik­de “Su­wuň şe­ki­li” hem-de “Ro­ma” film­le­ri bi­len “Al­tyn ýol­bar­sy” ga­za­nan re­žiss­ýor­lar Os­kar baý­rak­la­ryn­da öňe saý­la­nyp­dy. “Su­wuň şe­ki­li” iň go­wy film, “Ro­ma” bol­sa iň go­wy re­žiss­ýor baý­rak­la­ry­ny eýe­läp­di. Eý­ýäm­den ki­no sun­ga­ty­nyň iň ab­raý­ly baý­ra­gy ug­run­da ady ag­zal­ýan “Jo­ker” fil­mi­niň-de Os­ka­ryň esa­sy da­laş­gär­le­ri­niň bi­ri bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.