ABŞ-nyň Milli sungat gaznasynyň (NEA) maglumatlaryna görä, şu günki günde Amerikada şygryýet belentden ýaňlanyp, soňky bäş ýylda goşgy okaýan amerikalylaryň sany iki esse artypdyr. Eger-de, 2012-nji ýylda şygryýete isleg 6,7% bolan bolsa, 2017-nji ýylda onuň paýy 11,7%-e deň bolupdyr.
Şeýle hem geçirilen barlaglarda pýesalara bolan isleg ýokarlanyp, onuň bilen 3,7% töweregi amerikalynyň gyzyklanýandygy belli bolupdyr. Bu görkeziji 2012-nji ýylda 2,9% bolupdyr. Çeper edebiýat ugry boýunça romanlar we gysga hekaýalar (41,8%) has-da ileri tutulýan eken. Amerikalylaryň deň ýarysy haýsy-da bolsa bir eseri okamaly diýen pikire gulluk edip, pikiri soralanlaryň 52,7%-i köplenç halan kitabyny okaýandygyny mälim edipdir. Sanawa okuw ýa-da professional edebiýat girizilmändir.
Amerikada iň giňden ýaýran edebi žanrlarynyň biri hem dini eserler bolup, şeýle kitaplara pikiri soralanlaryň 23%-niň aýratyn üns berýändigi anyklandy. Şeýle-de iň köp okalýan kitaplaryň arasynda taryhy (21,8%) we biografik (20%) eserler, ylmy-tehniki edebiýat (12,9%), grafiki roman we komiksler (6,7%) bar. Amerikalylaryň 23,3%-i kitaplaryň elektron görnüşini okaýan bolsa, 16,5%-niň audiokitaplary diňleýändigi aýdylýar.