Çikagoda ABŞ-nyň ýazyjylaryna – dürli taryhy döwürleriň we edebi žanrlaryň wekillerine bagyşlanan ilkinji muzeý öz işine başlady. Bu barada “The Guardian” gazeti habar berýär. “Ýedi ýylyň dowamynda gurlan muzeý, dürli döwürleriň edebi ýörelgelerine gyzykly syýahata atarýar” diýlip habarda mälim edilýär.
Bu ýere gelip görýänler amerikan ýazyjylarynyň şahsy durmuşy, şeýle hem olaryň edebi eserleri bilen tanşyp bilerler. Ekspozision zallar grafik displeýler bilen abzallaşdyrlan. Ägirt interaktiw karta ýazyjylary ýaşan ştatlary boýunça tapmaga mümkinçilik berýär. Bulardan başga-da, awtorlaryň öýüne Robert Frostyň Nýu-Hempşirdäki fermasyndan başlap, Mark Tweniň Missuridäki külbesine çenli wirtual usulda baryp görmek mümkinçiligi bar. Muzeý Millenium parkynyň garşysyndaky Miçigan-Awenýu gökdiräniniň ikinji gatynda, “art-deko” görnüşinde ýerleşýär. Amerikan ýazyjylarynyň muzeýiniň giriş petegi ulular üçin 12 dollar, çagalar üçin bolsa, mugt.