Dün­ýä bel­li “iP­ho­ne” smart­fon­la­ry ön­dür­ýän “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy önüm­çi­li­gi­niň 20 gö­te­ri­mi­ni Hin­dis­tan­da ama­la aşyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu me­ýil­na­ma­ny Hin­dis­ta­nyň hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry hem tas­syk­la­dy.
Hin­dis­ta­nyň met­bu­gat ne­şir­le­ri­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, 2021-nji ýyl­dan 2025-nji ýy­la çen­li “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy smart­fon önüm­çi­li­gi­niň bir bö­le­gi­ni Hin­dis­tan­da ama­la aşy­rar. Me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, Hin­dis­tan­da 5 ýy­lyň do­wa­myn­da 40 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de te­le­fon ön­dü­ri­ler. Meş­hur “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň önüm­çi­li­gi­niň bir bö­le­gi­ni Hin­dis­ta­na gö­çür­me­gi bu ýur­duň elekt­ro­ni­ka önüm­çi­li­gine gol­daw ber­mek ba­ra­da­ky ýe­ňil­lik­le­ri bi­len hem bag­la­ny­şyk­ly­dyr. “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy ze­rur ýe­ňil­lik­le­ri al­mak üçin her ýyl 10 mil­liard dol­lar­lyk önüm ön­dür­me­li bol­ýar. 2019-njy ýyl­da “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy Hin­dis­tan­da 0,5 mil­liard dol­lar­lyk te­le­fon ön­dü­rip, 1,5 mil­liard dol­lar möçberinde te­le­fon sat­dy. Bu ba­bat­da kom­pa­ni­ýa­­nyň Hy­taý­da­ky gör­ke­zi­ji­le­ri­ne ser sa­la­ny­myz­da, bu ýurt­da 2018–2019-njy ýyl­lar­da or­ta­ça 110 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de önüm ön­dü­ril­di. Bu me­ýil­na­ma dur­mu­şa ge­çi­ri­len ha­la­tyn­da Hin­dis­tan “iP­ho­ne” smart­fon­la­ry­nyň satylýan esa­sy mer­ke­zine öw­rü­ler.

Serdar GYLYJOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň ta­ly­by.