Dün­ýä bel­li “iP­ho­ne” ky­sym­ly yk­jam te­le­fon­la­ry ön­dür­ýän “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy bu te­le­fon­la­ryň sa­tu­wyn­yň 1 mil­li­ar­da ýe­tendigini mä­lim et­di. Bu çak­la­ma kom­pa­ni­ýa­nyň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan taý­ýar­lan­dy.Şeý­le­likde, 2007-nji ýyl­dan bä­ri ola­ryň sa­tu­wy­nyň sa­ny 1 mil­li­ar­da ýet­di.
Şu ýyl­ky ma­li­ýe ýy­ly­nyň üçün­ji çär­ýe­gin­de 40 mil­li­on te­le­fo­nyň sa­tyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Ap­rel aýyn­da ma­li­ýe ýy­ly­nyň ikin­ji çär­ýe­gi­niň ne­ti­je­le­ri jem­len­di. Şo­ňa gö­rä, de­giş­li dö­wür­de 51,2 mil­li­on te­le­fon sa­ty­lyp, 50,55 mil­liard dol­lar gir­de­ji ga­za­nyl­dy.
“iP­ho­ne” yk­jam ara­gat­na­şyk te­le­fo­ny sen­sor­ly smart­fon­la­ryň maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lup, “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýär. Ol kom­pa­ni­ýa­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy mer­hum Stiw Job­suň hem-de be­zeg­çi Jo­na­tan Aý­wa­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da 2005-nji ýyl­da iş­le­nip dü­zül­di. 2007-nji ýy­lyň 9-njy ýan­wa­ryn­da onuň il­kin­ji nus­ga­sy San-Fran­sis­ko şä­he­rin­de­ki ser­gi­de gör­ke­zil­di we şol ýy­lyň 29-njy iýu­nyn­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy.
Gys­ga wag­tyň için­de te­le­fo­nyň bu gör­nü­şi dün­ýä­de uly meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Soň­lu­gy bi­len, onuň gur­lu­şy, be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry hem-de için­dä­ki prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi has-da kä­mil­leş­di­ril­di. Ýy­lyň-ýy­ly­na onuň tä­ze gör­nüş­le­ri çy­kyp ug­ra­dy. Soň­ky ge­zek onuň 6S hem-de 6S Plus gör­nü­şi aly­jy­la­ra hö­dür­len­di. Hä­zir bol­sa, “iP­ho­ne 7” ky­sym­ly te­le­fo­ny sa­tu­wa çy­kar­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.