UEFA-nyň klub ýaryşlarynda, ýagny Çempionlar we Ýewropa ligalarynda geçirilen bije çekiliş dabarasyndan soň, 2-nji tapgyryň duşuşyklary belli boldy. Bu çäre hepdäniň duşenbe güni Şweýsariýanyň Nion şäherinde geçirildi. Atylan bijä laýyklykda, futbol janköýerlerine 2 bäsleşikde-de biri-birinden gyzykly duşuşyklar garaşýar. Ilki Çempionlar ligasy barada aýtsak, 2-nji tapgyrdaky 16 klubuň bary-ýogy 6 ýurduň adyndan wekilçilik edýändigini öň habar beripdik. Bu soňky ýyllardaky iň pes görkeziji diýlip hasaba alyndy. Şeýle hem ýene bir gyzykly maglumat bolsa, şol ýurtlaryň wekilleriniň arasynda diňe bir jübüt duşuşygyň boljakdygydyr. Mysal üçin 4 ispan klubunyň hersi 1 ýurduň topary bilen güýç synanyşar. Iňlis we nemes ýa-da italýan-ispan toparlarynyň arasynda diňe 1 oýun bolup, olaryň ikinji bir kluby özara bije atyşmady. Başgaça aýdylanda, 2 ýurduň hersinden diňe 1 klub özara duşuşyk geçirer.
2-nji tapgyryň 1-nji duşuşyklary 14–15-nji hem-de 21–22-nji fewralda, jogap oýunlary-da 7–8-nji we 15–16-njy martda oýnalar.
10-njy duşuşyklary
Toparçasynda soňky duşuşykda deňme-deň oýnap, 2-nji ýeri eýelän Fransiýanyň çempiony PSŽ-niň bu gezekki garşydaşy juda güýçli. Ol 2-nji tapgyrda çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden “Barselona” bilen güýç synanyşar. 14-nji fewraldaky oýun olaryň özara 10-njy duşuşygy bolar. Öňki 9 oýunda 4 gezek ýeňiş ispan klubunyň tarapynda bolup, parižliler diňe 2 duşuşykda ýeňşini baýram etdi. 3 oýun hem deňlikde gutardy. Pökgi gatnaşygynda artykmaçlyk “Barçanyň” tarapynda (16–11). Iki topar 2012/13 hem-de 2014/15 möwsümleriniň çärýek finalynda duşuşypdy we ikisinde-de “Barselona” ýoluny dowam etdiren topar bolupdy. Olar 1997-nji ýyldaky Kubokçylaryň kubogy ýaryşynyň finalynda-da duşuşypdy we şonda “Barça” ýeňiş gazanypdy. “Barselona” bilen PSŽ 2014/15 möwsüminiň toparçalarynda-da güýç synanyşypdy we hersi öz meýdançasynda ýeňiş gazanypdy (Parižde 3–2, Barselonada 3–1). 1994/1995 möwsüminiň çärýek finalyndaky oýunlarda Barselonada 1–1, öz meýdançasynda-da 2–1 hasabynda utan PSŽ şonda ýarym finala çykypdy.
“Benfika”–“Borussia D.”
Portugaliýanyň çempiony “Benfika” topary Germaniýanyň “Borussia Dortmund” kluby bilen bije atyşdy. 2 topar mundan öň 2 duşuşyk geçirdi. 1 oýunda utan nemes kluby beýleki duşuşykda ýeňildi. Ýagny, 1963/64 möwsüminde Ýewropanyň Çempion klublarynyň kubogy ýaryşynda (häzirki Çempionlar ligasynda) 1-nji tapgyrda “Borussia” 5–0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Jogap oýnunda ýer eýeleri 2–1 hasabynda üstünlige eýe bolupdy. Şeýle-de nemes kluby portugal toparlary bilen geçiren soňky 5 duşuşygynda-da ýeňiş gazanmagy başardy.
6 ýyldan bäri…
6 ýyldan bäri 2-nji tapgyrdan ötä geçip bilmeýän “Arsenal” 2011/12 möwsüminden soň, toparçany 1-nji hatarda tamamlady. Ýöne onuň bu üstünligi ýene-de “häzirlikçe” oňyn netije bermedi. Topçular bu gezegem 2-nji tapgyrda güýçli klub bilen bije atyşdy. Arsen Wengeriň şägirtleriniň bagtyna bu sapar hem “Bawariýa” düşdi. Olar soňky 5 ýylda 3-nji ýola 2-nji tapgyrda gabatlaşýarlar. Mundan öňki 2 tutluşykda “Bawariýanyň” döwi rüstem gelipdi. Iki topar 2000-nji ýyldan bäri 10 sapar özara duşuşdy. Şolaryň 5-sinde nemes topary ýeňşini baýram eden bolsa, londonlylar 3 gezek garşydaşlaryndan üstün çykdy. Gollarda-da “Bawariýa” 17–11 öňde barýar. Bassyr 17-nji gezek Çempionlar ligasynda çykyş edýän “Arsenalyň” 6 möwsümlik şowsuzlygynyň hötdesinden gelip-gelmejekdigini fewralda we martda boljak oýunlar görkezer. “Arsenal” iň soňky sapar 2009/10 möwsüminde çärýek finala çykypdy.
Çempion “Napoli” bilen bije atyşdy
Kubogyň häzirki eýesi “Real Madrid” Çempionlar ligasyny yzly-yzyna alan ilkinji topar bolmak isleýän bolsa, onda olar ilki bilen “Napoliden” üstün çykmaly. Iki klub mundan öň 2 duşuşyk geçirdi. 1987/88 möwsüminde şu ýaryşyň 1-nji tapgyrynda “Real” öz meýdançasynda 2–0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Italiýadaky oýun 1–1 hasabynda deňlikde gutardy.
* * *
Italiýanyň soňky 5 ýylynyň çempiony “Ýuwentus” 1/8 finalda ozalkysy ýaly şowly çykyş edip bilmeýän Portugaliýanyň “Portosy” bilen bije çekişdi. Iki klub 1984-nji ýylda Kubokçylaryň kubogy ýaryşynyň finalynda Bazelde duşuşypdylar. Şonda italýan topary 2–1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Bu olaryň ilkinji duşuşygy bolupdy. Olar 2001/02 möwsüminde-de toparçada gabatlaşypdylar. Turindäki oýun 3–1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna gutaran bolsa, jogap duşuşygyndan gol sesi çykmandy.
* * *
Finalçy “Atletiko Madrid” ozaldanam özi üçin tanyş bolan Lewerkuzeniň “Baýeri” bilen çärýek finala çykmak üçin güýç synanyşar. Olar şu wagta çenli 4 gezek duşuşdylar. Her topar 1 gezek utan bolsa, 2 oýunda ýeňiş gazanan bolmady. 2010/11 möwsüminde UEFA Ýewropa ligasynda toparçadaky 2 duşuşyk hem 1–1 hasabynda deňlikde gutarypdy. 2014/15 möwsüminde edil häzirki ýaly 2-nji tapgyrda-da gabatlaşan 2 klub şol oýunlarda hersi öz meýdançasynda 1–0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Netijede, penalti urgularyndan soň, “Atletiko” çärýek finalyň petegini alypdy.