Kom­po­zi­tor Ed­ward Grig güýz aý­la­ry Ber­ge­niň go­la­ýyn­da­ky to­kaý­da dynç al­ýar­dy. To­ka­ýyň äh­li ýe­ri kö­me­lek­leriň ysy we ýap­rak­la­ryň şy­byr­dy­sy bi­len juda ýa­kym­ly­dy. Ýö­ne deň­ziň ke­na­ryn­da­ky dag to­kaý­ly­gynyň gözelligi has-da üýt­ge­şik­di. Ol ýer­den tol­kun­la­ryň ke­na­ra ge­lip ur­ýan se­si eşi­dil­ýär­di. Bir gün Grig to­kaý­da ge­ze­lenç edip ýör­kä, saç­la­ry iki örü­len­je ki­çi­jik gyz­ja­ga­za – to­kaý sak­çy­sy­nyň gy­zy­na ga­bat gel­ýär. Ol se­be­di­ne ar­ça go­za­la­ry­ny ýyg­na­ýar­dy.
– Gyz­ja­gaz, seň adyň nä­me? – di­ýip, Grig bi­le­si­ge­li­ji­lik bi­len so­ra­ýar.
Gyz­ja­gaz utan­jyn­dan: – Dag­ni Pe­der­sen – di­ýip, ýu­waş­ja jo­gap berýär. Ýa­şu­ly­nyň ýü­zü­ne ça­ýy­lan mä­hir on­dan he­der et­mä­ge yg­ty­ýar ber­me­ýär­di.
– Bol­ýan zat­la­ry diý­se­ne – di­ýip, Grig dil­len­ýär. – Me­niň şu wagt sow­gat be­re­re hiç za­dym ýok. Men ýa­ny­ma gur­ja­jyk, jä­je­jik ýa-da bol­ma­sa, mah­mal­dan edi­len tow­şan­jyk al­sam hem bol­jak eke­ni. Diň­le, Dag­ni! Men iň go­wu­sy sa­ňa tä­sin bir za­dy sow­gat ede­ýin. Ýö­ne ony hä­zir däl-de, ýe­ne-de on ýyl­dan.
Dag­ni ge­ňir­ge­nip:
– Be-he, nä­hi­li uzak – di­ýe­ni­ni bil­män gal­ýar.
– Bil­ýä­ňiz­mi nä­me, men ony il­ki dö­ret­me­li. Bel­ki, men ony gys­ga wagt­da dö­re­de­rin. Ýö­ne şeý­le za­dy köp­lenç ki­çi­le­re däl-de, ulu­la­ra sow­gat ber­ýär­ler. Sen he­niz ça­ga, köp zat­la­ra dü­şün­me­ýän bol­ma­gyň hem ah­mal. In­di bol­sa, ge­tir se­be­di­ňi. Sen ony zor­dan gö­te­rip dur­suň ahy­ryn. Gel, men se­ni ug­ra­da­ýyn hem-de ýolda bi­raz gür­rüň ede­ris.
Dag­ni de­mi­ni dür­säp, se­be­di­ni Gri­ge uzad­ýar. Ol, ha­ky­kat­da­nam agyr­dy.
– Ar­ça go­za­la­ry­nyň şep­bi­gi köp bo­lan­soň, ol sos­naň­ky­dan hem agyr bol­ýar – di­ýip, Grig dil­len­ýär. Agaç­la­ryň ara­syn­dan to­kaý sak­çy­sy­nyň öýi gör­nende, Grig şeý­le diýýär:
– In­di bol­sa, özüň ýöräber, Dag­ni Pe­der­sen. Nor­we­gi­ýa­da şeý­le at­ly we fa­mi­li­ýa­ly ça­ga­lar köp duş gel­ýär. Ýog­sa-da, seň ka­kaň ady nä­me?
– Ha­ge­rup – di­ýip, Dag­ni jo­gap be­rip­dir-de, bir­den gaş­la­ry­ny çy­typ: – Eý­sem, siz bi­ziň öýü­miz­den duz da­dyp geç­mez­mi­si­ňiz? Biz­de keş­de­li sa­çak, çy­par pi­şik we aý­na­dan edi­len ga­ýy­jak hem bar. Ba­bam ony eli­ňi­ze alyp gör­mä­ge hem rug­sat eder – di­ýip­dir.
Ýa­şu­ly:
– Sag bo­luň, hä­zir me­niň wag­tym ýok. Hoş on­da, Dag­ni! – di­ýip, gyz­ja­ga­zyň sa­çy­ny sy­pa­lap, deň­ziň ke­na­ry­na ýö­ne­lip­dir. “Men şeý­le bir saz dü­ze­ýin, onuň gi­ri­şi­ne bol­sa, “To­kaý sak­çy­sy Ha­ge­rup Pe­der­se­niň gy­zy Dag­ni Pe­der­se­ne ba­gyş­lan­ýan­dy­gy­ny” hem ýa­za­ýyn” di­ýip, Grig öz ýa­nyn­dan pi­kir öw­rüp­dir.
Dag­ni mek­de­bi ta­mam­lan­soň, ka­ka­sy gy­zy­ny dur­mu­şy öw­ren­sin, bi­raz göw­ni açyl­syn di­ýen ni­ýet bi­len Hris­tia­ni­ýa­da ýa­şa­ýan aýal do­ga­ny Mag­da­la­ra myh­man­çy­ly­ga ug­rad­ýar. Mag­da teatr­da grim­çi, onuň ýan­ýol­da­şy Nils bol­sa, şol ýer­de del­lek bo­lup iş­le­ýär­di. Bular te­at­ryň go­la­ýyn­da ýa­şa­ýar­dylar. Ol ýer­den ýa­ýy­lyp ýa­tan üm­mül­mez de­ňiz hem gö­rün­ýär­di. Dag­ni ýy­gy-ýy­gy­dan te­at­ra gat­nap ug­ra­dy. Onuň teatr sah­na­la­ryn­da­ky wa­ka­lar­dan tä­sir­le­nip, kä­te uzak wagt­lap uku­sy tut­ma­ýar­dy, hat­da kä­wagt­lar ag­la­ýar­dy. Bu ýag­daý­dan he­der eden eje­ke­si Dag­ni­ni kö­şeş­di­rip, sah­na­da bo­lup geç­ýän zat­la­ra kö­re-kör­lük bi­len ynan­ma­ly däl­di­gi­ni dü­şün­dir­me­li bol­ýar­dy. Bir gün ol üýt­ge­şik­lik bol­sun di­ýen ni­ýet bi­len Dag­ni­ni kon­ser­te alyp git­me­gi ýü­re­gi­ne düw­di.
Iýu­nyň salkyn gi­je­le­ri­niň bi­rin­de, şä­her se­ýil­gä­hin­de açyk as­ma­nyň as­tyn­da kon­sert gu­ral­dy. Dag­ni bu ýer­de il­kin­ji ge­zek sim­fo­nik saz­la­ry diň­le­di. Saz gy­zyň ju­wan kal­byn­da güýç­li tä­sir dö­ret­di. Or­kest­riň dür­li owaz­la­ry we şow­hu­ny Dag­ni­ni düýş­dä­ki ýa­ly tä­sin dün­ýä atar­dy. Sa­za im­ri­nip ga­lan gyz bir­de­nem tis­gi­nip, ga­ba­gy­ny gal­dyr­dy. Kon­ser­tiň prog­ram­ma­sy­ny mä­lim ed­ýän hortap adam, göw­nü­ne bol­ma­sa, onuň ady­ny tu­tan ýa­ly bol­dy.
– Nils, siz meň ady­my tu­tan-a däl­siňiz – di­ýip, Dag­ni da­ýy­sy­na ga­rap, ýü­zü­ni ga­maş­dyr­dy.
Nils hem-de eje­ke­si Mag­da haý­ran gal­mak­dan ýa­ňa al­jy­ra­şyp, Dag­ni­niň ýü­zü­ne se­ret­di­ler. – Nä­me bol­dy – di­ýip, Dag­ni ýe­ne-de ses­len­di. Onuň elin­den ýa­py­şan Mag­da: – Diň­le! – di­ýip, py­şyr­da­dy. Şon­da gyz alyp ba­ry­jy­nyň:
– Yz­ky ha­tar­da otu­ran to­ma­şa­çy­lar me­niň gaý­ta­la­ma­gy­my so­ra­ýar­lar. In­di bol­sa, mer­hum Ed­ward Gri­giň to­kaý sak­çy­sy Ha­ge­rup Pe­der­se­niň gy­zy Dag­ni Pe­der­se­ne ba­gyş­lan “Sä­her” at­ly saz pýe­sa­sy ýaň­lan­ýar – di­ýen söz­le­ri­ni eşi­den­de, onuň tol­gun­mak­dan ýa­ňa de­mi-de­mi­ne ýet­män, ýü­re­gi tas gur­sa­gyn­dan çy­kyp­dy. Ol göz­ýaş­la­ry­ny sak­la­jak bo­lup, nä­çe jan et­se-de, bu oňa ba­şart­ma­dy. Dag­ni aşak egi­lip, el­le­ri bi­len ýü­zü­ni tut­dy. Onuň ýü­re­gin­de güýç­li tol­gun­ma peý­da bo­ldy, bir­ba­da hiç zat eşit­me­di. Ol ahyr so­ňy sa­ba-sä­her­ler­de ýaň­lan­ýan ço­pan tüý­dü­­gi­niň mu­ka­my­na diň­şir­gen­di, beý­le­ki saz gu­ral­la­ryn­dan çyk­ýan ýüz­ler­çe owaz­lar gy­zyň ru­hu­ny özü­ne ben­di et­di. Saz ow­sun atyp, ýo­ka­ry gö­te­ril­di, sa­ba ýel­le­ri ki­min köw­sar­la­dy, ýap­rak­la­ry da­ragt­lar­dan jy­da dü­şür­di, ot­ja­gaz­la­ryň ba­şy­ny yra­dy, so­wu­jak şe­mal bo­lup, saç­la­ry­ny sy­pap geç­di. Saz­dan eme­le ge­len ne­sim ýel­le­ri­ni sy­zyp, Dagniniň köň­li aram tap­dy.
Ha­wa! Bu onuň to­ka­ýy­dy, bu onuň wa­ta­ny­dy, bu onyň dag­la­ry­dy, tüý­dü­gi­niň mu­ka­my­dy, deň­zi­niň güw­wül­di­si­di! Diý­mek, bu onuň hut özü­di! Ol ar­ça go­za­ly se­be­di­ni öý­le­ri­ne çen­li elt­mä­ge kö­mek eden şol çal saç­ly ýa­şu­ly­nyň özü­di. Bu be­ýik sa­zan­da Ed­ward Grig­di! Ine, bu saz bol­sa, ýe­ne-de on ýyl­dan diýip söz be­ren sow­ga­dy­nyň hut özü­di! Dag­ni ho­şal­lyk göz­ýaş­la­ry­ny giz­le­medi. Saz ta­mam­la­nan­dan soň­ra hem­me­ler el çarpyş­dy­lar. Dag­ni ýe­rin­den tu­rup, se­ýil­gä­hiň gi­rel­ge­si­ne ta­rap ýö­nel­di. Otu­ran­la­ryň ara­syn­dan “Bu Gri­giň nus­ga­lyk sa­zy­ny ba­gyş­lan gy­zy bol­sa ge­rek“ di­ýip, hü­mür­de­şen­ler hem ta­pyl­dy. Gyz Gri­giň ara­dan çy­kan­ly­gy­ny di­ňe şol ýer­de bi­lip gal­dy, özü­ne aja­ýyp dün­ýä­ni açyp be­ren be­ýik yn­sa­na “Sag bolsun” aý­dyp ýe­tiş­män­li­gi­ne ýü­rek­den ah­myr et­di.
Dag­ni dün­ýä syg­man, ço­la kö­çe bi­len ýö­räp ug­ra­dy. Ol özü­ne ese­wan bo­lup gel­ýän Nils­den ha­bar­syz­dy. Ony Mag­da ug­ra­dyp­dy. Dag­ni deň­ziň ke­na­ry­na bar­dy. Onuň gar­şy­syn­da ses­siz-se­da­syz ma­wy gi­ňiş­lik ýa­ýy­lyp ýa­tyr­dy. Şon­da Dag­ni­niň bü­tin dur­ku­ny bi­zi gur­şap al­ýan dün­ýä­niň gö­zel­lik­le­ri gap­lap al­dy.
– Dur­muş, se­ni söý­ýä­rin! – di­ýip, Dag­ni ýu­waş­ja­dan py­şyr­da­dy. Ol bal­kyl­dap du­ran göz­le­ri­ni ha­ýal­lyk bi­len ýü­züp bar­ýan gä­mi­le­re aý­lap ýyl­gyr­dy. Gy­zyň aňyr­ra­gyn­da du­ran Nils onuň ýyl­gyr­ýa­ny­ny gö­rüp, öýü­ne do­lan­dy. In­di ol Dag­ni­den ar­ka­ýyn­dy hem-de onuň dur­mu­şy­nyň hiç ha­çan haýp geç­me­jek­di­gi­ne göz ýe­tir­di.

Ter­ji­me eden Gül­za­da Ça­ry­ýe­wa,
Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň
ýa­nyn­da­ky ýö­ri­te saz­çy­lyk
mek­dep-in­ter­na­ty­nyň okuw­çy­sy.