463089.jpgGeçen ýyl peýda bolan aragatnaşygyň 5-nji nesline degişli enjamlaryň sany köpelensoň, bahalary hem has elýeterli bolup başlady. “Honor” brendiniň 5G aýratynlykly “Honor 30S” modeli 338 dollardan satuwa çykaryldy. Orta derejeli smartfon hasaplanýan enjama “Kirin 820” çipseti oturdylypdyr. Mobil enjamyň 8GB RAM, 128/256 GB içki ýat ýaly tehniki aýratynlyklary bar. “Honor 30S” smartfonynyň “FHD+” durulygynda 6,5 dýuýmlyk IPS LCD ekran bar. Yz tarapyndan bolsa, gönüburçluk görnüşinde 4 kamera sensory ýerleşdiriler. Esasy kamera 64MP durulygynda surata alyp, beýlekiler 8MP telefoto, 8MP ultra giň we 2MP çuňlugy duýujy sensordan ybarat. “Android 10” amaly ulgamynda işleýän telefonyň batareýasy hem çydamly (4000 mAh) bolmagy bilen tapawutlanýar. Gysga wagtda zarýad berilýän düzgüni hem bolan mobil enjamyň ilkinji nobatda gara, gök we mermer reňkli görnüşleri satuwa hödürlener. Telefon 7-nji aprelde müşderilere ýetirilip başlanar.