18-nji iýun­da hor­mat­ly Prezidentimiz Bal­kan we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ta­mam­lap, Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­den paý­tag­ty­my­za ta­rap ug­ra­dy. Bi­raz sa­lym­dan döw­let Baştutanymyzyň uça­ry Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gon­dy. Bu ýer­de milli Li­de­ri­mi­zi res­mi adam­lar gar­şy­la­dy­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­den ýo­lug­ra şä­her­gur­lu­şyk iş­le­ri­niň bar­şy, hu­su­san-da, hä­zir­ki za­man “Ga­ra­gum” myh­man­ha­na­sy­nyň hem-de bu ýer­de bi­na edil­ýän 21-nji ýö­ri­te­leş­di­ri­len top­lu­myň mek­de­bin­de we ça­ga­lar ba­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk iş­le­ri bi­len ta­nyş­dy. Şeý­le hem top­lu­myň çä­gin­de fit­nes we dö­re­di­ji­lik mer­ke­zi gu­rul­ýar. Mu­nuň özi okuw­çy­la­ryň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ma­gy­ny ne­ti­je­li gu­ra­ma­ga hem-de ça­ga­la­ryň dür­li ugur­lar­da ze­hin­le­ri­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça işi kä­mil­leş­dir­mä­ge ýar­dam eder. Bu ýer­de gu­rul­ýan bi­lim eda­ra­la­ryn­da ça­ga­la­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri­niň bir­nä­çe­si öw­re­di­ler. Mek­dep­de köp ders­ler bo­ýun­ça okat­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu bol­sa ýaş nes­liň saý­lap al­jak hü­nä­ri­ne do­ly de­re­je­de taý­ýar­ly­gy­ny üp­jün eder.

Mek­dep­de kä­bir ders­le­riň çuň­laş­dy­ry­lyp öw­re­dil­me­gi giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bi­lim­li ýaş­la­ryň ke­ma­la gel­me­gi­ne kö­mek eder di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Bu ýer­de okuw­çy­la­ryň aň-dü­şün­je we be­den taý­dan ös­me­gi hem-de döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, mu­gal­lym­la­ryň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin hem­me şert­ler dö­re­dil­me­li­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz otag­la­ryň iň döw­re­bap en­jam­lar, öň­de­ba­ry­jy teh­ni­ka­lar we okat­ma­gyň ýö­ri­te se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün edil­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy. Gel­je­gi­miz bo­lan ýaş­la­ra döw­rü­mi­ziň bar­ha ös­ýän ta­lap­la­ry­na la­ýyk bi­lim-ter­bi­ýe ber­mek, dür­li hü­när­le­ri öw­ret­mek, yl­ma we dö­re­di­ji­li­ge ug­ruk­dyr­mak, mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­my­zyň wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hu­ny, yn­san­per­wer­li­ge ýug­ru­lan dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni, zäh­met en­dik­le­ri­ni, asyl­ly mil­li däp­le­ri­ni my­na­syp do­wam et­dir­mek bi­ziň alyp bar­ýan äh­li öz­gert­me­le­ri­mi­ziň esa­sy­ny düz­ýär di­ýip, döwlet Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy we de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz “Ga­ra­gum” myh­man­ha­na­sy­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri bi­len iç­gin tan­şyp, bu ba­bat­da bir­nä­çe bel­lik­le­ri we mas­la­hat­la­ry aýt­dy. Bu gün ýur­du­myz dür­li ugur­lar­da dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär, mö­hüm bö­le­gi köp asyr­lar mun­dan ozal türk­men top­ra­gy­nyň üs­tün­den ge­çen Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­me­gi­ne iş­jeň gat­naş­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, şu ýer­de gu­rul­ýan des­ga­lar paý­tag­ty­my­zyň aja­ýyp bi­na­gär­lik top­lu­my bi­len ut­ga­şyp, ozal gur­lan des­ga­lar we te­bi­gat bi­len saz­laş­ma­ly­dyr. Şo­la­ryň daş­ky we iç­ki be­ze­gin­de, otag­la­ryn­da mil­li na­gyş­la­ry giň­den ulan­mak ge­rek, mu­nuň özi bi­na­la­ra aý­ra­tyn öwüş­gin ça­ýar.
Mil­li Li­de­ri­miz bu iş­le­riň şu gü­nüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ma­ly­dy­gy­ny nyg­tap, bu ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra iş­le­riň saz­la­şy­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.