Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, ykdysadyýetde, ylym-bilimde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, şeýle hem dünýä derejesinde sport, medeniýet, sungat we beýleki ähli ugurlarda bolup geçýän gyzykly wakalar gündelik neşirler arkaly giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Şeýle gyzykly täzeliklerdir habarlary gyzgyny bilen okyjylara ýetirýän gazetleriň biri hem «Zaman-Türkmenistan» gazetidir. 2020-nji ýylyň II ýarym ýyllygy üçin abuna ýazylyşygyna «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň agzybir işgärleri bilen bilelikde beýleki pudaklarda zähmet çekýän dürli kärdäki işgärler hem işjeň gatnaşdylar. Biz olara öz minnetdarlygymyzy bildirip, sizi tanyşdyrmagy makul bildik. Olar: Balkan welaýatyndan Ogulla Täşliýewa, Nurgözel Hallymyradowa, Gülnabat Nurjanowa, Amangül Tagandurdyýewa, Baýrambibi Babaýewa, Olga Hoja-Ahmedowa, Gurbanjemal Garagulowa, Lebap welaýatyndan Furkat Çaryýew, Umytjan Muradow, Nahim Jumaýew, Baýram Hydyrow, Şirgeldi Öwlýakulyýew, Alijan Möminow, Aşgabat şäherinden Gapurguly Sähetmämmedow, Baýram Ýaýlanow, Jeren Hojamyradowa, Almagül Gylyjowa, Ahal welaýatyndan Hamyd Muhammedow, Toýgeldi Begliýew, Gülälek Hojadurdyýewa, Mary welaýatyndan Rahymberdi Annadurdyýew, Bahar Torumowa, Durdymuhammet Durdyýew, Tawus Agamyradowa, Aýbölek Esenowa, Mahym Orazowa, Nurjemal Saparlyýewa, Daşoguz welaýatyndan Näzikjemal Hudaýberdiýewa, Gülşat Saryýewa, Ogulgerek Jumaýewa, Gurbanbagt Aramedowa, Sähra Müräýewa. Ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň ýokary hilli çap edilmegi ugrunda tagalla edýän Metbugat merkeziniň gazetleri, žurnallary hem-de kitaplary çap ediji sehiniň ökde hünärmenleri Meretgeldi Gurbanmyradow, Meretguly Janalyýew, Aýmyrat Kulow, Gurbanmyrat Gurbanmyradow, Merdan Aşyrow, Serdar Täjiýew dagylar hem yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň çekýän asylly zähmeti bilen ýokary hilli çap edilen neşirler okyjylar köpçüliginiň wagtyny manyly hem-de gyzykly geçirmegine ýardam edýär. Bu ýagdaý gazetiň abuna döwründen tä okyjylar köpçüligine ýetirilýän pursatlaryna çenli öz zähmetini gaýgyrmaýan poçta hem-de metbugat merkeziniň işgärleriniň zähmetiniň ýerine düşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolup geçýän giň gerimli hem-de iňňän uly özgertmeler maksatnamalary, gazanylýan ýokary netijeleri halkymyza ýetirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine hem uly jogapkärçilik düşýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak babatda alnyp barylýan işleriň netijesinde elektron neşirler döredilip, halk köpçüligine ýetirildi. Bu jogapkärçiligi duýup yhlasly zähmet çekýän metbugat işgärleri we beýleki pudaklaryň ähli işgärleri asylly zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallygyny bildirýärler.
Täjigözel Haýdarowa, «Zaman-Türkmenistan».