Gün ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän “So­lar Im­pul­se 2” uça­ry öz sy­ýa­ha­ty­nyň iň kyn tap­gyr­la­ry­nyň bi­ri­ni ta­mam­la­dy. Ol Ame­ri­ka­dan Ýew­ro­pa geç­di. Uçar At­lan­tik um­ma­ny­nyň üs­tün­den 3 gün tö­we­re­gi wagt­da kesip geç­di. Şeý­le­lik­de, onuň dün­ýä­niň da­şyn­dan aý­lan­mak üçin ama­la aşyr­ýan sy­ýa­ha­ty­nyň 15-nji tap­gy­ry üs­tün­lik bi­len ta­mam­lan­dy.

Bert­rand Pik­kar­dyň do­lan­dyr­ýan uçary 71 sa­gat 8 mi­nut­da Nýu-Ýork­dan Is­pa­ni­ýa­nyň Se­wil­ýa şä­he­ri­ne bar­dy. Bu ara­lyk 6 müň 765 ki­lo­met­re ba­ra­bar. Ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­le­ri­ne ün­si çek­mek üçin di­ňe Gün şöh­le­si bi­len iş­le­ýän uçar ge­çen ýy­lyň 5-nji mar­tyn­da Abu-Da­bi­den ýo­la çy­kyp­dy. Uça­ry iki uçar­man ge­zek­le­şip do­lan­dyr­ýar. Uçar hä­zi­re çen­li mun­dan ozal­ky 14 tap­gyr­da je­mi 400 sa­gat uçup, 30 müň ki­lo­met­re go­laý ýol ge­çip­di.
“So­lar Im­pul­se 2” öz il­kin­ji uçan şä­he­ri­ne ba­ra­nyn­da, Ýe­riň da­şyn­dan di­ňe Gün ener­gi­ýa­sy bi­len aý­la­nan il­kin­ji uçar, ony oý­lap ta­pan Bert­rand Pik­kard we And­re Borş­berg da­gy dün­ýä­ni şeý­le uçar bi­len aý­la­nan il­kin­ji uçar­man­lar bo­lar­lar.