Germaniýanyň awtoulag öndürijisi «Audi» kompaniýasy 2024-nji ýylda «A9 e-tron» kysymly hereketlendirijisi elektrik togy bilen işleýän ulagyny satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Bu ulagyň «Jaguar XJ» hem-de «Mercedes-Benz EQS» kysymly ulaglara bäsdeş boljakdygy mälim edilýär.
Ger­ma­ni­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­sy dört ýyl­dan soň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ulag­la­ry­ny hö­dür­le­mek­çi bol­ýar. «Audi»-niň ýol­baş­çy dü­zü­mi teh­no­lo­gi­ýa hem-de daş­ky we iç­ki be­zeg nuk­daý­na­za­ryn­dan sarp edi­ji­le­re öz tä­ze­çil önü­mi­ni hö­dür­le­me­gi mak­sat edin­di.
«A9 e-Tron» ula­gy ba­ta­re­ýa­la­ry­nyň kuw­wa­ty hem-de göw­rü­mi bi­len ta­pa­wut­la­nyp, elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri, bä­şin­ji ne­sil ul­ga­my (5G) hem-de göz öňü­ne ge­ti­ril­me­dik päs­gel­çi­lik­le­ri, dyk­ny­şyk­la­ry we şu­ňa meň­zeş­le­ri sü­rü­ji­le­re duý­du­ryş be­rip bil­ýän «Car-to-X» teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len üp­jün edi­ler.
Des­lap­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, kom­pa­ni­ýa­nyň in­že­ner­le­ri baş­ga bir ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy bo­lan «Porsche» şe­re­ke­ti­niň in­že­ner­le­ri bi­len bi­le­lik­de bu ula­gyň önüm­çi­li­gin­de iş alyp ba­rar­lar.
«Audi» kom­pa­ni­ýa­sy elekt­rik­li we ýo­ka­ry aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ulag önüm­çi­li­gi ba­bat­da «Ar­te­mis» tas­la­ma­sy­ny iş­läp düz­di. «A9 e-tron» ula­gy bu tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de il­kin­ji iş­le­nip dü­zü­len ulag­la­ryň bi­ri­dir. Kom­pa­ni­ýa­nyň baş di­rek­to­ry Mar­kus Du­es­man­nyň bel­le­me­gi­ne gö­rä, kompaniýa öňü­miz­dä­ki ýyl­lar­da ýo­ka­ry aw­to­mat­laş­dy­ry­lan teh­no­lo­gi­ýa­la­ra has köp üns be­rer. 2029-njy ýy­la çen­li 75 sa­ny elektrik­li ulag gör­nüş­le­ri­ne eýe bol­ma­k me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Mekan MOLLAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.