Ýaponiýanyň awiakosmos agentligi (JAXA) sürüjisiz hereket edýän alty tigirli ulagy öndürmek üçin “Toyota” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. 2029-njy ýylda Aýa gonjak ulag Gün şöhlesinden alýan energiýasy bilen işlär. “Toyota”-nyň ýangyç tehnologiýasyndan peýdalanýan iki orunlyk ulagy 10 müň km-e çenli ýol geçer. Ululygy awtobusyňka barabar bolan ulagyň içi basyşly bolup, kosmonawtlar onuň içinde adaty eşikde gezip bilerler. Bu tehnologiýa geljekde Ýeriň hemrasynda dörediljek ylmy beketlerde adamlaryň arkaýyn ýaşamaklary üçin şert döreder. Özbaşdak hereket edip bilýän ulag özünden soňra Aýa uçuryljak kosmonawtlaryň gonan ýerini kesgitläp, olaryň ýanyna barar. Soňky ýyllarda kosmos pudagynda uly öňegidişlikler gazanyldy. Şu ýylyň başynda Hytaý Aýyň garaňky tarapyna enjam gondurmagy başardy. Golaýda “SpaceX” kompaniýasy adamly uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berjek kapsulany Halkara kosmos bekedine uçurdy.