Ýaponiýanyň “Sony” kompaniýasy iki sany aýnasyz fotoapparatyny tanyşdyrdy. “Alpha 6600” we “Alpha 6100” atly fotoenjamlaryň aýratynlyklary bir-birinden o diýen tapawutly däl. Bahasy has elýeterli bolan “Alpha 6100”, esasan, wideo düşürmäge niýetlenipdir. Modelleriň ikisiniň hem durulygy 24 MP bolup, 3 dýuýmlyk sensor ekranlary bar. Şeýle hem olar bilen 4K durulygynda wideoýazgy edip bolýar. “Alpha 6600” modeli yrgyldyny sazlaýan, has kuwwatly batareýa we gulaklyk girişi bilen tapawutlanýar. Fotoenjamyň arzan bahaly modeli bolan “Alpha 6100”-iň linzasyz bahasy 750 dollar bolup, ýany bilen 16-50 mm “Sony” linzasyny almak üçin ýene-de 850 dollar tölemeli bolar. “Sony Alpha 6600” bolsa, 1400 dollar bolup, 18-135 mm “Sony” linzasynyň bahasy 1800 dollar bolar.
Aýnasyz fotoapparatlarda (ykjam ulgam hem diýilýär) DSLR-den tapawutlylykda şöhläni serpikdirmek üçin aýna ýa-da optika bolmaýar.
Biri aýnaly, beýlekisi DSLR
“Canon” kompaniýasy “EOS M6 Mark II” we “EOS 90D” modellerini tanyşdyrdy. Ýapon kompaniýasynyň tanyşdyran “Canon M6 Mark II” aýnasyz enjamy 32,5 megapiksel durulygynda surata alýar. Şeýle hem bu enjamda “DIGIC 8” amaly ulgam bolup, 4K 30 fps (Full HD 120 fps) durulygynda wideoýazgy etmek, “Dual Pixel”,
“Wi-Fi” hem-de “Bluetooth” ýaly aýratynlyklary bar. Sentýabryň ahyrynda satuwa çykaryljak enjamyň bahasynyň 850 dollar boljakdygy mälim edildi. Enjamy 15-45 mm IS STM linza bilen alsaň, 1100 dollar, 18-150 mm IS STM linza bilen bolsa, 1350 dollar bolar.
Beýleki model “Canon EOS 90D” orta derejeli DSLR fotoenjamy bolup, 90D, 60D, 70D we 80D bilen dowam edýän seriýanyň iň soňky agzasy hasaplanýar. Ozalky model bolan 80D-däki ýaly gulaklyk we mikrofon girişleri bolan “Canon EOS 90D” fotoenjamynyň linzasyz bahasy 1350 dollar bolar. Onuň 18-55 mm linzasy üçin ýene-de şonça pul tölemeli bolar.