Ast­ro­nom­lar il­kin­ji ge­zek Aýyň üst­ki gat­la­gy­ny dolulygyna kar­ta ge­çir­di­ler we onuň üs­tün­dä­ki äh­li geo­lo­gik gur­luş­la­ry to­par­la­ra böl­dü­ler. Tä­ze kar­ta hem­ra­my­zy öw­ren­mek we öz­leş­dir­mek üçin öz­bo­luş­ly gol­lan­ma bo­lar. Aýyň bi­te­wi geo­lo­gi­k kar­ta­sy (Uni­fi­ed Geo­lo­gic Map of the Mo­on) do­ly jik­me-jik­lik­ler bi­len ýa­sa­lyp, onuň masş­ta­by 1: 5 000 000. Bu Aýyň ýü­zü­niň bäş ki­lo­metr bö­le­gi­niň kar­ta­da bir mil­li­metr bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ulu­ly­gy­nyň bar­dy­gy­ny aň­lad­ýar.
Göz­le­giň esa­sy aw­to­ry ABŞ-nyň Geo­lo­gi­ýa gul­lu­gy­nyň we­ki­li Ko­ri For­tes­so: – Bu kar­ta köp ýyl­lyk tas­la­ma­nyň je­mi­dir. Kar­ta tä­ze göz­leg­ler üçin mö­hüm mag­lu­mat­la­ry be­rip, Aýyň üs­tü­niň ga­lan bö­lek­le­ri ba­ra­da­ky göz­leg­le­ri ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär – diý­di.
Tä­ze işiň esa­syn­da, “Apol­lon­la­ryň” döw­rün­de dü­zü­len Aýyň üst­ki gat­la­gy­nyň dür­li bö­lek­le­ri­niň al­ty kar­ta­sy ýa­tyr. Hü­när­men­ler ola­ry or­bi­tal en­jam­lar­dan al­nan has soň­ky mag­lu­mat­lar bi­len üs­tü­ni dol­dur­dy­lar. Hu­su­san-da, Aýyň ek­wa­to­ri­al se­bit­le­ri ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar, Ýa­po­ni­ýa­nyň kos­mos gul­lu­gy JAXA-nyň SE­LE­NE mis­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ug­ra­dyl­dy. NA­SA hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len we uçu­ry­lan LRO zon­du­nyň kö­me­gi bi­len pol­ýar se­bit­le­ri kar­ta­laş­dy­ryl­dy.
Umu­man ala­nyň­da, 43 sa­ny stra­tig­ra­fi­k bir­lik alym­la­ryň na­za­ryn­dan syp­ma­dy. Tä­ze mag­lu­mat­la­ryň kö­me­gi bi­len köp ob­ýekt­ler il­kin­ji ge­zek kar­ta gi­ri­zil­di. Olar kra­ter­le­riň be­ýik gy­ra­la­ryn­da­ky dür­li gaýalardan yba­rat­dyr. Şeý­le hem, hü­när­men­ler Aýyň üst­ki geo­lo­gik gat­lak­la­ry­nyň jik­me-jik­lik­le­ri­ni bir­meň­zeş be­ýan et­di­ler. My­sal üçin, öň­ki kar­ta­la­ryň kem­çi­lik­le­ri ara­dan aý­ryl­dy, çün­ki on­da şol bir gur­luş­la­ryň at­la­ry we be­ýa­ny kä­wagt­lar bi­ri-bi­ri­ne ters gel­ýär­di. Hü­när­men­le­riň zäh­me­ti­niň mi­we­le­ri köp­çü­li­ge el­ýe­ter­li edil­di. Hü­när­men­ler üçin kar­ta­nyň nus­ga­sy PDF faý­ly hök­mün­de el­ýe­ter­li­dir. Ýe­ri ge­len­de ýat­lap geç­sek, öň Sa­tur­nyň Ti­tan hem­ra­sy­nyň glo­bal kar­ta­sy dü­zü­lip­di. Şeý­le hem, Plu­to­nyň we Ha­ro­nyň 3D kar­ta­la­ry dü­zü­lip­di.