AFKÇem­pi­on­lar li­ga­syn­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň “Al-Hi­lal” to­pa­ry çem­pi­on bol­dy. Arap to­pa­ry fi­nal­da Ýa­po­ni­ýa­nyň “Ura­wa Red Daý­monds” to­pa­ryn­dan üs­tün çyk­dy. Iki to­par 2017-nji ýyl­da-da ga­bat­la­şyp, şon­da ýa­pon ta­ra­py ýe­ňiş ga­za­nyp­dy (1–1, 1–0). Ýö­ne bu ge­zek ýe­ňiş arap klu­bu­nyň ta­ra­pyn­da bol­dy.

9-njy no­ýabr­da Er-Ri­ýad­da­ky 1-nji du­şu­şyk­da 1–0 ýe­ňiş ga­za­nan “Al-Hi­lal” jo­gap oý­nun­da-da 2–0 ha­sa­byn­da gar­şy­da­şy­ny ýeň­me­gi ba­şar­dy. “Sai­ta­ma 2002” sta­dio­nyn­da­ky bu du­şu­şy­ga 58 109 jan­kö­ýer to­ma­şa edip, oý­na öz­be­gis­tan­ly Wa­len­tin Ko­wa­len­ko emin­lik et­di. Bi­rin­ji ýa­ry­my gol­suz ge­çen du­şu­şyk­da Raz­wan Lu­çes­ku­nyň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki “Al-Hi­la­la” ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry 74-nji mi­nut­da Sa­lem Al-Daw­sa­ri hem-de 90+3-nji mi­nut­da Ba­fe­tim­bi Go­mis der­we­zä gi­riz­di. Şun­luk­da, 2 oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram eden “Al-Hi­lal” 1991-nji we 2000-nji ýyl­lar­dan soň, 3-nji ge­zek yk­ly­myň iň uly ku­bo­gy­ny eýe­le­di. 4 ge­zek fi­nal­da utu­lan “Al-Hi­lal” to­pa­ry çem­pi­on­lyk ba­bat­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň “Po­hang Sti­lers” klu­by bi­len deň­le­şip, bi­rin­ji or­na çyk­dy. “Al-Hi­lal” bu ku­bo­gy 3 ge­zek alan 2-nji klub bol­dy. Şeý­le-de “Al-Hi­lal” soň­ky 8 ýyl­da bu ku­bo­gy eýe­län Gün­ba­tar zo­la­gy­nyň il­kin­ji we­ki­li hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Ondan öň 2011-nji ýylda “Al-Sadd” eýeläpdi.

2007-nji we 2017-nji ýyl­la­ryň çem­pio­ny “Ura­wa Red Daý­monds” bol­sa, il­kin­ji ge­zek fi­nal­da ýe­ňil­di. 11 gol ge­çi­ren “Al-Hi­lal” to­pa­ry­nyň fran­si­ýa­ly hü­jüm­çi­si Ba­fe­tim­bi Go­mis ýa­ry­şyň iň ne­ti­je­li oýun­çy­sy bol­dy.