Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) Mars planetasyna kosmos zonduny ibermegi maksat edinýär. Bu barada BAE-niň hökümet we geljekki işler ministri Muhammed al-Gergawi habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, «Marsa umyt» atly ylmy-barlag saparynyň bahasy 735 million dollara deň bolar. Arap dünýäsinden Mars planetasyna ilkinji uçuş Birleşen Arap Emirlikleri tarapyndan amala aşyrylar. Bu planeta iberiljek kosmos zondy 15-den gowrak emirligiň inženerleri hem-de ABŞ-nyň 3 sany uniwersitetleriniň alymlarynyň gatnaşmagynda taýýarlandy.
– Biz «Umyt» atly zondy taýýarladyk. Bu başlangyjyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin 6 ýyl gerek boldy. Bu enjamy ýasamak üçin 200 million dollar sarp etdik – diýip, emirligiň ýolbaşçysy aýtdy.
Kosmos gämisi Ýaponiýanyň Tanegasima adasyndaky kosmodromda raketa berkidildi. Uçurylandan bir sagat töweregi wagt geçensoň, zond raketadan aýrylar. Onuň üstündäki Gün panelleri işläp başlar we kosmos gämisi Gyzyl planeta ýedi aýlyk syýahatyna başlar. Kosmos zondy 15-nji iýulda uçurylar. Zonduň Marsa iberilmeginiň dabarasy BAE-niň Muhammed bin Raşid adyndaky kosmos merkeziniň jemgyýetçilik torlaryndaky ýaýlymlary arkaly göni ýaýlymda berler.