Töwerek-daşy synlanyňda, synladygyňça synlasyň gelýär. Tebigat diýlip atlandyrylýan bu daşky görnüş bütin durky bilen adamy özüne bendi edýär. Bahar paslynda agaçlaryň täze pyntyklaýan ýapraklary, ak ýa-da gülgün gülleri, nowçalary, depeleriň, dereleriň, daglaryň gök maýsalara bürenmegi, bir söz bilen aýdanyňda, tebigatyň janlanmasy bolup geçýän bolsa, tomus bize özüniň dürli nazu-nygmatlaryny eçilýär. Howanyň yssysyna süýjäp bişýän miweler, gök önümler bereketli saçagymyzy bezeýär. Özüniň sary reňki bilen maýyl edýän tyllaýy güýz pasly bolsa, gysga wagtly çabgalary bilen ýer ýüzüni ýuwýar.
Bu sözde adamyň ýaşaýyş-durmuşy, dünýägaraýşy, ömri we ykbaly jemlenýär. Ynsan hemişe tebigat bilen sazlaşykly ýaşap, onuň gözelligine gözellik goşupdyr. Ata-babalarymyzyň kerwen ýollarynyň ugrunda guýy, bag we düme gawun-garpyzlary ekendigi mälimdir. Ýere aýawly garamak, bol hasyl ýetişdirmek – munuň özi daýhanyň ýere bolan yhlasynyň hem-de zähmetsöýerliginiň netijesidir. Mähriban topragymyzyň gözelligine sarpa goýmak, ony aýawly saklamak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Şeýle hem “Bag ekeniň ömri uzak”, “Bag ekeniň bagty açyk”, “Bag barsyz bolmaz, at timarsyz”, “Armyt pudagynda sallanar, ýere düşse ballanar”, “Almany çöle ek, armydy baýra”, “Suw seslener gamyş bilen, gyz beslener kümüş bilen”, “Suwly ýer – gül, suwsuz ýer – çöl” ýaly tebigat bilen bagly nakyllar hem halkymyzyň daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşandygyny aňladýar. Ata-babalarymyz agaçlardan örän ýerlikli peýdalanyp, olardan dürli serişdeleri ýasapdyrlar. Esasan hem, derek, şemşat agaçlaryny gurluşyga niýetläpdirler. Tut agajyndan dutaryň kädisini, erik agajyndan bolsa, sapyny ýasapdyrlar.
Bag – durmuşyň gözelligi, bezegi. Bagy-bossanlykly ýerleriň tämiz howasy saglyk üçin şypaly. Ýurdumyzda 2017-nji ýylyň 18-nji martynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen bag ekmek boýunça ählihalk ýowary guramaçylykly geçirilip, tutuş ýurdumyz boýunça köp sanly agaç nahallary we miweli agaçlar ekiler. Bu asylly däp ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talaba laýyk ideg etmek ýaly maksatlara gönükdirilendir. Bularyň ählisi ynsan durmuşyny bagçylykdan, tebigy gözelliklerden üzňe göz öňüne getirip bolmaýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.
Mähriban Watanymyzy bagy-bossanlyga, gülzarlyga, gözellik dünýäsine öwürmekde döwlet Baştutanymyz tagallasyny gaýgyranok. Munuň şeýledigine paýtagtymyzyň degre-daşynda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda agaç nahallaryny ekmek ýaly döwletli işleriň giňden ýaýbaňlandyrylýandygy hem şaýatlyk edýär.