Ekwadoryň Pedro Monkaýo şäherinde ýarym million bägülden piramida bina etdiler. Bu pikiriň awtorlary Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi maksat edinýärler. Bu gurluş müň inedördül metrden gowrak ýeri eýeleýär. Onuň özeni metaldan edilen tor bolup, meýletinçiler onuň öýjüklerini bir hepdeläp gunçalar bilen doldurdylar. Indi zynatgärleriň zähmetine baha bermek üçin geňeşiň nobaty geldi. Olar ýakynda rekord goýlup, goýulmandygy barada habar bererler.
– Biz indi 30 ýyl bäri bägül ösdürip ýetişdirýäris. Biz munuň hötdesinden hem gelýäris. Ýöne biz heniz olary nädip köp satmalydygynyň ugurlaryny tapmaýarys. Ahyrsoňy gülden piramida gurmagy ýüregimize düwdük. Şeýdip biz kiçijik şäherimizde Zeminiň iň owadan bägülleriniň ösdürilip ýetişdirilýändigini bütin dünýä görkezýäris – diýip, Pedro Monkaýo şäheriniň häkimi Frenk Gualsaki gürrüň berýär.
Bägül piramidany gurmak üçin ýüzden gowrak ýerli ýyladyşhanalarda bägül ösdürilip ýetişdirildi. Her bir bägülüň gunçasyny emaý bilen kesip alyp, olary ýörite niýetlenen gapyrjaklara ýerleşdirdiler. Bägülleriň ol ýerde abat saklanmagy üçin, damjalaýyn suwaryş ulgamyndan peýdalanyldy.