Tebigatdaky janly-jandarlaryň köpüsi diňe et ýa-da ot bilen iýmitlenýär. Ýagny, ýa aw awlaýar ýa-da otlaýar. Aýylar köplenç aw awlaýan hem bolsa, miwedir ösümlikleri hem iýýär. Olar, esasan, balygy gowy görýär. Buzluk ýerlerde ýaşaýan ak aýylar bolsa, deňiz jandarlary bilen iýmitlenýär. Adatça, aýylar iri göwreli, gysga guýrukly, bäş barmakly bolýar. Gerek bolan halatynda iki aýagynyň üstüne hem galyp bilýärler. Goňur aýylaryň göwresi kellesinden guýrugyna çenli 1 – 2,8 m aralygynda üýtgeýär. Yzky aýaklarynyň üstünde duranlarynda boýlary ortaça, 2,43 metre ýetýär. Aýylaryň agramy 80-600 kg aralygynda bolýar. Erkek aýylaryň ortaça ululygy urkaçysyndan 8 – 10 göterim uly bolýar. Goňur aýylar örän güýçli we çydamly bolup, urgusy gaty güýçli bolýar. Aýylar at ýaly gaty ylgaýar, ýüzmäge hem ökde. Olar diňe janly-jandarlary awlaman, guşuň ýumurtgasy, mör-möjekler we liçinkalar, ösümlikler, miwe hem bakja önümleri bilen iýmitlenýärler. Güýz paslynda olar ýabany arylaryň agaç köweklerinde we hinlerde ýasan kömeçlerindäki baly iýýär. Goňur we gara aýylar baly örän halaýarlar. Olar diňe baly däl, arylary we liçinkalaryny hem iýýär. Galyň we tüýli possuny arylardan goranmaga ýardam edýär. Tokaý zolaklarynyň golaýyndaky balary saklanýan meýdançalaryň daşyny aýylardan goramak üçin elektrik tokly, çitenekli sim aýlaýarlar.
Aýylaryň sekiz görnüşi bardyr: goňur aýy, ak aýy, Aziýa gara aýysy, amerikan gara aýysy, malaýa aýysy, ýalta aýy, “äýnekli” aýy (Remarctos ornatus) we panda.
Aýylaryň aýratynlyklary:
Aýylaryň pezzik we uzyn tüýli possuny bolýar.
Ýiti dyrnaklary agaçlara dyrmaşmaga ýardam edýär.
Ýüzmäge ukyplydyrlar.
Görnüşine görä 10-45 ýyl aralygynda ýaşaýarlar.
Eşidiş duýgulary örän ösendir.
Aýylaryň tizligi sagatda 48 kilometre ýetýär.
Aýylar gyş ukusyna ýatýarlar.
Aýylaryň çagalary 3,5 aýdan soň,
özbaşdak aw awlamagy öwrenýärler.