“Variety” neşiriniň habar bermegine görä, angliýaly tanymal aktýor Tom Hardi Bosniýa söweşi barada gürrüň berýän “My War Gone By, I Miss It So” atly filmde baş keşbi janlandyrar. Ol şol birwagtyň özünde, iňlis žurnalisti Entoni Lloýduň 1999-njy ýylda neşir edilen adybir romany esasynda surata alynjak filme prodýuserlik hem eder. Filmi surata düşürmäge Gawin O’Konnor isleg bildirýär. Ekran eseri 2019-njy ýylyň ahyrlarynda kinoteatrlarda peýda bolar.