UEFA-nyň bi­rin­ji de­re­je­li ýa­ry­şy­nyň 6-njy möw­sü­mi 1960–1961-nji ýyl­lar­da ge­çi­ril­ýär. 28 to­pa­ryň gat­na­şan ýa­ry­şyn­da nor­weg to­pa­ry il­kin­ji ge­zek çy­kyş ed­ýär. Ozal­ky­lar ýa­ly for­mat­da ge­çi­ri­len ýa­ry­şyň saý­la­ma tap­gy­ry­ny “Bar­se­lo­na”, “Ben­fi­ka” ýa­ly to­par­lar ýe­ňil­lik bi­len geç­ýär. “Ýu­wen­tus” bu ge­zek hem saý­la­ma tap­gy­ry­ny ge­çip bil­män ýa­ryş­dan çyk­ýar.

“Rea­ly” ýa­ryş­dan çy­ka­ran il­kin­ji to­par
1-nji tap­gy­ryň iň esa­sy oý­ny “El-Kla­si­ko” bo­lup, “Bar­se­lo­na” to­pa­ry soň­ky 5 ýy­lyň çem­pio­ny “Re­al Mad­rid­den” üs­tün çyk­ýar. Mun­dan öň­ki bäs­le­şi­giň ýa­rym fi­na­lyn­da utu­lan “Bar­se­lo­na” bu ge­zek “Mad­rid­de” 2–2 (Ma­te­os 1, Hen­to 33 — Lu­is Sua­res 27, 88 p) deň­me-deň oý­nap, öz meý­dan­ça­syn­da-da 2–1 ýeň­ýär. Jo­gap du­şu­şy­gyn­da ka­ta­lon­la­ryň gol­la­ry­ny Wer­ges bi­len Ewa­ris­to der­we­zä gi­riz­ýär. Şeý­le­lik­de, “Bar­se­lo­na” eze­li bäs­de­şi “Re­al Mad­ri­di” UEFA-nyň 1-nji de­re­je­li ýa­ry­şyn­dan çy­ka­ran il­kin­ji to­par bol­ýar. Por­tu­gal to­pa­ry “Ben­fi­ka” 1-nji tap­gyr­da “Uý­peşt Do­ža­ny” öz meý­dan­ça­syn­da 6–1 ýeň­ýär. Bu ýe­ňiş ola­ra jo­gap oý­nun­da utul­sa­lar hem, çär­ýek fi­na­la çyk­mak üçin ýe­ter­lik bol­ýar (2–1).

At­daş fut­bol­çy­lar “Ben­fi­ka­ny”
ýa­rym fi­na­la çy­kar­ýar
Çär­ýek fi­nal­da “Bar­se­lo­na” çeh to­pa­ry “Spar­tak Gra­des-Kra­lo­we­ni” öz meý­dan­ça­syn­da Te­ha­da (2), Ewa­ris­to hem-de Ku­ba­la­nyň gol­la­ry bi­len 4–0 ýeň­ýär. Jo­gap oý­ny 1–1 deň­lik­de gu­ta­ryp, ka­ta­lon­lar 2-nji ge­zek ýa­rym fi­na­la çyk­ýar. “Ben­fi­ka” bol­sa Da­ni­ýa­nyň “Or­hus” to­pa­ry­ny 3–1 we 4–1 ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär. Du­şu­şyk­lar­da Žo­ze Aguaş bi­len Žo­ze Au­gus­to­nyň her­si 3 gol ge­çir­ýär. “Ham­burg” 1-nji oýun­da “Býorn­li­den” 3–1 utul­sa-da, Uwe Si­le­riň 2 gol ge­çi­ren jo­gap du­şu­şy­gyn­da 4–1 utup, ýa­rym fi­na­la ýol­lan­ma al­ýar. Awst­ri­ýa­nyň paý­tag­ty We­na şä­he­ri­niň we­ki­li “Ra­pid” şwed to­pa­ry “Mal­mö­ni” 2 ýer­de-de 2–0 ha­sap­lar bi­len ýeň­me­gi ba­şar­ýar.

Tä­ze fi­nal­çy­lar
Ýa­rym fi­nal du­şu­şyk­la­ry çe­ke­le­şik­li geç­ýär. “Bar­se­lo­na” to­pa­ry “Ham­bur­gy” öz meý­dan­ça­syn­da Ewa­ris­to­nyň ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ýeň­ýär. Jo­gap oý­nun­da “Ham­burg” Wulf we Si­le­riň gol­la­ry bi­len 2–1 ut­ýar. Ne­ti­je­de, 3-nji du­şu­şyk oý­nal­ma­ly bol­ýar. 3-nji oýun­da-da “Bar­se­lo­na” Ewa­ris­to­nyň ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 utup, ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek fi­na­la çyk­ýar. Beý­le­ki fi­nal­çy-da “Ben­fi­ka” bol­ýar. Por­tu­gal to­pa­ry “Ra­pi­di” öz meý­dan­ça­syn­da Ko­lu­na, Aguaş we Ka­we­miň gol­la­ry bi­len 3–0 ut­ýar. Jo­gap oý­ny bol­sa 1–1 deň­lik­de ta­mam­lan­ýar.

“BARSELONANYŇ” Wen­ger
hü­jüm­çi­le­ri­niň gol­la­ry ýeň­şe ýet­me­ýär
Fi­nal du­şu­şy­gy 1961-nji ýy­lyň 31-nji ma­ýyn­da 26732 janköýeriň şaýatlygynda Şweý­sa­ri­ýa­nyň paý­tag­ty Bern­dä­ki “Wank­dorf” sta­dio­nyn­da oý­nal­ýar. Il­kin­ji ge­zek fi­na­la çy­kan 2 to­par “Ben­fi­ka” bi­len “Bar­se­lo­na­nyň” ara­syn­da­ky bu du­şu­şy­ga şweý­sa­ri­ýa­ly Gottf­rid Dienst emin­lik ed­ýär.
Oý­nuň 21-nji mi­nu­tyn­da “Bar­se­lo­na­nyň” wen­ger fut­bol­çy­sy San­dor Ko­çiş ha­sa­by aç­ýar. Soňra 31-nji we 32-nji mi­nut­lar­da 2 gol ge­çi­ren “Ben­fi­ka” ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da öňe saý­lan­ýar. Il­ki Žo­ze Aguaş ta­pa­wut­lan­sa, soň­ra An­to­nio Ra­mal­lets to­py ýal­ňyş­lyk bi­len öz der­we­ze­si­ne gi­riz­ýär. 55-nji mi­nut­da Ma­rio Ko­lu­na­nyň go­lun­dan soň, ara­ta­pa­wut 2 go­la çyk­ýar. 75-nji minutda “Bar­se­lo­na­nyň” baş­ga bir wen­ger ýyl­dy­zy Zol­ta Si­bo­ryň go­ly ýe­ňiş üçin ýe­ter­lik bol­ma­ýar. Şun­luk­da, “Ben­fi­ka” weng­ri­ýa­ly tä­lim­çi Be­la Gutt­ma­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek UEFA-nyň hä­zir­ki Çem­pi­on­lar li­ga­sy, ozal­ky Ýew­ro­pa­nyň Çem­pi­on Klub­lar Ku­bo­gy­ny ga­zan­ma­gy ba­şar­ýar. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, bas­syr 5 ku­bo­gy alan “Re­al Mad­ri­diň” hök­mü­ro­wan­ly­gy soň­la­nyp, bäs­le­şi­giň 6-njy ýy­lyn­da çem­pi­on üýt­ge­ýär.

“Real Madrid” – 262, “Bawariýa” – 202, “Barselona” – 187, “Mançester Ýunaýted” – 154, “Ýuwentus” – 140, “Milan” – 125, “Liwerpul” – 121, “Benfika” – 113, “Porto” – 110, “Aýaks” – 102, “Arsenal” – 101, “Seltik” – 99, “Dinamo Kiýew” – 98, “Inter” – 86, “Çelsi” – 83, “Anderleht” – 70, “Borussiýa D” – 70, “Atletiko” – 70, “Srwena Zwezda” – 65, PSW – 64, “Lion” – 64, “Reýnjers” – 62, PSŽ – 61, “Olimpiakos” – 62, “Rosenborg” – 58, “Galatasaraý” – 57, “Walensiýa” – 57, “Dinamo Zagreb” – 55, “Sparta Praga” – 53, “Şahtýor D” – 52, “Stýaua” – 52.

Iň köp ýeňiş gazanan to­par­lar

UEFA-nyň bi­rin­ji de­re­je­li klub bäs­le­şi­gin­de iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan, bu ýa­ry­şa iň köp gat­na­şan, iň köp du­şu­şyk ge­çi­ren to­par­la­ryň sa­na­wy­ny ozal be­rip­dik. Bu ge­zek bol­sa, iň köp ýe­ňiş ga­za­nan to­par­la­ryň sa­na­wy­ny si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýäris. Iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan, iň köp gat­na­şan, iň köp du­şu­şyk ge­çi­ren – bu ha­sa­bat­lar bo­ýun­ça “Re­al Mad­rid” bäs­deş­le­rin­den ep-es­li öň­de bar­ýar. Bu ha­sa­bat­lar bo­ýun­ça öň­de bar­ýan is­pan klu­bu­nyň, el­bet­de, iň köp ýe­ňiş ga­za­nan to­par bol­jak­dy­gy hem ikuç­suz­dyr. “Re­al Mad­rid” Ýew­ro­pa­nyň Çem­pi­on Klub­lar Ku­bo­gy ýa-da UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy ýa­ry­şyn­da ge­çi­ren 438 du­şu­şy­gy­nyň 262-sin­de ýe­ňiş ga­za­nyp, re­kor­dyň eýe­si­dir. 100 du­şu­şyk­da-da utu­lan “Rea­lyň” 76 oý­ny deň­lik­de ta­mam­lan­dy. “Re­al Mad­rid” ýa­ly 200 ýe­ňiş­den ge­çen 2-nji to­par “Ba­wa­ri­ýa” bo­lup, ne­mes klu­by 348 du­şu­şy­gy­nyň 202-sin­de meý­dan­ça­ny be­genç­li ýag­daý­da terk et­di­. 3–4-nji orun­la­ry “Bar­se­lo­na” bi­len “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” eýe­le­ýär. Ka­ta­lon­lar 187, “man­ku­ni­an­lar” 154 oýun­da gar­şy­daş­la­ryn­dan üs­tün çyk­dy. “Ýu­wen­tus”, “Mi­lan”, “Li­wer­pul”, “Ben­fi­ka”, “Por­to”, “Aýaks” hem-de “Ar­se­nal” 100-den köp ýe­ňiş ga­za­nan to­par­lar­dyr.

UEFA Çem­pi­on Klub­la­ryň Ku­bo­gy /
UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da iň köp ýeňiş gazanan to­par­lar: