Iki ýarym aýlyk mejbury arakesmeden soň, täzeden badalga alan Germaniýanyň “Bundesligasynda” 26-njy tapgyryň duşuşyklary oýnaldy. Tapgyryň iň esasy oýnunda, ýagny “Ruhr” derbisinde Dortmundyň “Borussiýa” topary öz meýdançasynda “Şalkeni” 4–0 hasabynda ýeňdi. Dortmundlylara ýeňiş getiren gollary Hollan, Guereiro (2) hem-de Torgan Hazar derwezä girizdi. Sanawyň öňdebaryjysy “Bawariýa” bolsa myhmançylykda “Ýunion Berlini” Robert Lewandowski we Benžamin Pawaryň gollary bilen 2–0 utdy. Bu duşuşykda tapawutlanan Lewandowski münhenlileriň düzüminde bassyr 5-nji möwsüminde azyndan 40 gol geçirdi. Mönhengladbah şäheriniň “Borussiýa” topary myhmançylykda “Aýntrahty” 3–1 hasabynda ýeňip, 3-nji orna beýgeldi. Myhmançylykda ýeňiş gazanan toparlaryň ýene biri hem “Baýer” bolup, lewerkuzenliler “Werderi” 4–1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda “Baýeriň” ýaş hüjümçisi Hawerts 2 gezek tapawutlandy. Ýeri gelende aýtsak, Germaniýanyň “Bundesligasynyň” 26-njy tapgyrynyň duşuşyklaryna tutuş dünýäde 1 milliarddan gowrak janköýeriň tomaşa edendigi hasaba alyndy.
“Borussiýa Dortmund”
“Bawariýany” kabul eder
Germaniýanyň “Bundesligasynda” şu aýyň aýagyna çenli ýene-de 3 tapgyryň duşuşyklary oýnalar. 27-nji tapgyr 23–24-nji maýda oýnalsa, 28-nji tapgyryň duşuşyklary 26–27-nji maýda, 28-nji tapgyryň oýunlary-da 29–30–31-nji maýda geçiriler. 27-nji tapgyrda “Wolfsburg”–“Borussiýa D”, “Borussiýa M”–“Baýer”, “Bawariýa”–“Aýntraht”, 28-nji tapgyrda çempionlygy kesgitläp biljek “Borussiýa D”–“Bawariýa” duşuşyklary esasy oýunlar hasaplanýar.