Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde
Türkmenistanyň Döwlet senasynda: “Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde” diýen sözler belentden ýaňlanýar. Hawa, Baş Assambleýanyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Rezolýusiýalarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýän we goldaýan Birleşen Milletler Guramasynyň binasynyň öňünde dünýä döwletleriniň ýüzlerçesiniň baýdaklarynyň arasynda ýurdumyzyň baýdagy hem pasyrdap dur. Diýmek, baýdagymyz dünýäň öňünde belentden parlaýar.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milletimiziň agzybirliginiň, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň hem hemişelik Bitaraplygynyň nyşanydyr. Çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda ýurdumyz ýaşyl Tuguň astynda özüniň iň täze taryhyny döredýär, abadançylygyň hem-de ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şonuň üçinem halkymyz Döwlet baýdagynyň gününi baýram hökmünde belläp geçýär. Dünýädäki iň beýik baýdak sütünleriniň biri, uzynlygy 133 metr bolan Türkmenistanyň Baş baýdagynyň ýanynda hem-de welaýat merkezlerindäki, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky belent sütünli Baýdak meýdançalarynda baýramçylyk dabaralary yzygiderli geçirilýär. Şol dabaralarda hem Döwlet senamyz ýerine ýetirilip, “Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde” diýen sözler uludan-kiçä hemmeleriň diliniň senasyna öwrülýär.
Sözümiziň şu ýerinde buýsançly wakalaryň birini ýatlap geçmek isleýäris. Türkmenistanda doglan uçarman-kosmonawt, älem giňişligine birnäçe gezek çykyp, uzak wagtlap bu giňişlikde bolmak boýunça rekordy täzelän ildeşimiz, Türkmenistanyň hem Russiýanyň Gahrymany Oleg Kononenko Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny we döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyny Halkara kosmos stansiýasynyň 2018-nji ýylyň 3-nji dekabryndaky nobatdaky missiýasyna öz ýany bilen alyp, Halkara kosmos stansiýasynda goýdy. Türkmenistanly ilkinji kosmonawt dogduk Diýarynyň – Türkmenistanyň gymmatlyklaryny älem giňişligine ýene-de alyp çykjakdygyny nygtaýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asuda asmanymyzda pasyrdaýan baýdagymyz halkymyzyň asyrlardan bäri döwletlilik barada edip gelen arzuwynyň hasyl bolmagydyr. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özbaşdaklygynyň esaslarynyň mizemezdiginiň, halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik maksatlaryna hemişe ygrarlydygynyň alamatydyr. Ata Watanymyzyň gözüňi dokundyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagy halkymyzyň milli buýsanjydyr. Baýdak halkyň maksatlaryny hem-de garaýyşlaryny äşgär edip, halkymyzda milli buýsanjy terbiýelemekde uly ähmiýeti bardyr. Ýurdumyz baýdagy bilen dünýäde tanalýar. Halkymyz bolsa mukaddes baýdagyny alnyna sylyp, başyna täç edýär. Hawa, döwletliligiň nyşany bolup halkymyzy jebisleşdirmek bilen, parahatçylygy, gülläp ösüşi we rowaçlygy döredýän, Watanymyzyň beýik geljegini alamatlandyrýan mukaddes Döwlet baýdagymyz – başymyzyň täjidir.
Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň
iň ýokary gymmatlygy adamdyr
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir” diýlip bellenilýär. Esasy Kanunymyz ata-babalarymyzyň paýhasly wesýetlerini, milli we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemläp, adamy we onuň bagtyýarlygyny hem-de abadançylygyny iň ýokary gymmatlyk hökmünde yglan eden ýurdumyzyň jemgyýetçilik we durmuş gurluşyny kesgitledi. Konstitusiýa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmak, döwletiň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk esaslaryny pugtalandyrmak, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we tutuş adamzadyň bähbidine ýola goýulýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan ýurdumyzyň dünýä derejesinde abraýyny ýokarlandyrmak üçin hukuk binýady bolup durýar.
Garaşsyz döwletimiziň Esasy Kanuny 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi. Şondan soňky geçen çärýek asyrdan gowrak wagtyň içinde Türkmenistanyň Konstitusiýasy taryhy ösüşiň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip gelindi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna bagyşlanyp paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Konstitusiýa binasy gurlup ulanylmaga berildi. Bu bina döwletiň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny, agzybir türkmen halkynyň Watanymyzyň halkara abraýyny we şöhratyny berkitmegiň hem-de artdyrmagyň bähbidine beýik işleri amala aşyrmaga bolan umytlaryny alamatlandyrýar. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň güni baýram hökmünde dabaralandyrylýar. Munuň özi ata Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň agzybirligini we bitewüligini aňladýan şanly senedir. Milli senenamamyzdaky şu belli sene mynasybetli esasy dabaralar Konstitusiýa binasynyň ýanynda geçirilýär.
Şu ýazgylarymy taýynlap otyrkam Türkmenistanyň Konstitusiýasyny öň hem birnäçe gezek okandygyma garamazdan, ýene bir gezek okap çykdym. Esasy Kanunymyzda Türkmenistanyň her bir raýatynyň hukuklarynyň bolşy ýaly, döwletiň öňündäki borçlarynyň hem bardygy beýan edilýär. Esasy Kanunymyzy okap çykamsoň, kanunyň ygtybarlylygynyň, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň binýady bolup, halk häkimiýetiniň esaslarynyň bozulmazlygyny alamatlandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň dünýä we milli demokratik tejribelere, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly laýyk gelýändigine ýene bir gezek göz ýetirdim. Özümiň Türkmenistan atly ajaýyp ýurduň raýatydygyma buýsanjym goşalanyp, kalbyma täze bir güýç gelen ýaly boldy. Hawa, halkymyzyň beýik ynam bilen nurana geljegini gurýan häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ilatynyň ýüreklerinde watançylyk duýgusyny we ruhubelentligi döredýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy–Esasy Kanunymyz – kalbymyzyň güýjüdir.
Gurbangeldi Annaýew,
“Zaman-Türkmenistan”.