Şu ýy­lyň 24-26-njy ýan­wa­ryn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri ge­çi­ril­di. Iki ýur­duň ara­syn­da­ky dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy hem-de de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň ara­syn­da gol çe­ki­len 2017-2020-nji ýyl­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk mak­sat­na­ma­sy esa­syn­da ge­çi­ri­len bu çä­re türk­men-be­la­rus yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­nyň has-da pug­ta­lan­ma­gy­na go­şant goş­dy.
24-nji ýan­war­da Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de me­de­ni çä­rä­niň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Oňa me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň, dö­re­di­ji­lik ugur­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri, Aş­ga­bat­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik dü­züm­le­riň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, paý­tag­ty­my­zyň ýaş­la­ry gat­naş­dy­lar.
Be­la­ru­suň we­ki­li­ýe­ti­niň adyn­dan dost­luk­ly döw­le­tiň me­de­ni­ýet mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Alek­sandr Ýas­ko ýyg­na­nan­la­ry gut­lap, bu ge­zek­ki çä­rä­niň iki do­gan­lyk hal­kyň dost­luk gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gyn­da, ola­ryň me­de­ni­ýet­le­ri­niň öza­ra baý­laş­ma­gyn­da uly äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di.
Soň­ra türk­men ta­ra­py­na Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ki­tap­ha­na­sy­na “Fran­sisk Sko­ri­nyň ki­tap mi­ra­sy­nyň” fak­si­mil ne­şi­ri­niň sow­gat be­ril­ýän­di­gi ba­ra­da­ky şa­ha­dat­na­ma da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy, bu sow­ga­dyň taý­ýar­la­nyl­ma­gy be­la­rus we gün­do­gar slaw­ýan ki­tap ne­şir işi­niň 500 ýyl­ly­gy­na ga­bat­la­nyl­dy. 22 jilt­lik eser­le­riň ýy­gyn­dy­syn­da be­la­rus ta­ry­hy­nyň we me­de­ni­ýe­ti­niň gym­mat­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ýan eser­ler jem­le­nen­dir.
Açy­lyş da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, be­la­rus sun­gat us­sat­la­ry­nyň, Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň bel­li dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň kon­ser­ti bol­dy. Baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti­ni bel­li ba­let­meýs­ter, re­žiss­ýor, sun­ga­ty öw­re­ni­ji, Be­la­ru­suň halk ar­tis­ti Wa­len­tin Dud­ke­wi­çiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Döw­let aka­de­mi­ki tans to­pa­ry­nyň aý­dyň öwüş­gin­li çy­ky­şy aç­dy.
Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň halk ar­tis­ti Ýe­le­na Tel­ko­wa­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky “Ku­pa­lin­ka” folk­lor to­pa­ry­nyň çy­kyş­la­ry halk dö­re­di­ji­li­gi­niň pä­him­li­li­gi­ni hem-de öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny açyp gör­kez­di. Türk­men to­ma­şa­çy­la­ry ýur­du­my­zyň dos­ty, meş­hur “Sýab­ry” to­pa­ry­nyň köp ýyl­lar­dan bä­ri üýt­gew­siz çe­per ýol­baş­çy­sy, Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň halk ar­tis­ti Ana­to­liý Ýar­mo­len­ko­ny mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar. Ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len aý­dym-saz to­pa­ry tä­ze aý­dym­la­ry hem, köp ne­sil­le­re ta­nyş bo­lan “Be­lo­wež to­kaý­jy­gy”, “Ales­ýa”, “Be­lo­rus­si­ýa”… ýa­ly meş­hur aý­dym­la­ry hem ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. To­ma­şa­çy­lar şirin hem-de gö­zel halk we hä­zir­ki za­man aý­dym­la­ry­ny do­wam­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­dy­lar, bu aý­dym­lar be­la­rus top­ra­gy­nyň tä­sin gö­zel­li­gi­ni, söý­gi­ni we dost­lu­gy wasp ed­ýär. Kon­sert Be­la­ru­sa ba­ryp gör­mä­ge ça­gy­ryş aý­dy­my bi­len ta­mam­lan­dy.
Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň çäk­le­rin­de Mu­kam­lar köş­gü­niň eý­wa­nyn­da Be­la­rus te­leg­raf agent­li­gi­niň “Be­la­rus–2017” at­ly fo­to­su­rat ser­gi­si açyl­dy. 25-nji ýan­war­da me­de­ni çä­rä­niň çäk­le­rin­de Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let ki­tap­ha­na­syn­da iki ýur­duň me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­niň dö­re­di­ji­lik du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. “Aş­ga­bat” ki­no mer­ke­zin­de be­la­rus çe­per film­le­ri­niň gör­ke­zi­li­şi bol­dy.