Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen oba ýerlerinde şäher bilen bäsleşýän obalaryň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýändigi bagtyýar halkymyzda çuňňur kanagatlanma duýgularyny döredip, Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýyl-ýyldan pugtalanýandygyna, biziň islendik maksatnamalary gysga möhletlerde amala aşyryp biljekdigimize bolan buýsanjy artdyrýar. Kabul edilen maksatnamalaryň takyk ykdysady esaslarynyň bardygy olary amala aşyrmak üçin dünýäniň iň kämil tehnikalarynyň gurluşyk meýdançalaryna getirilendigi, ulanylmaga berilmeli binalaryň, desgalaryň gurluşygynyň tamamlanjak gününe çenli belli edilendigi, bu işleri amala aşyrjak hünärmenleriň ussatlyk derejeleriniň ýokarydygy, bu ägirt uly desgalaryň halkymyza uzak ýyllar hyzmat etjek ýokary derejedediginde, daş keşpleriniň haýran galdyryjy gözelliginde mese-mälim görünýär.
2015-nji ýylyň fewral aýynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasy» kabul edildi. Bu Maksatnamada gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň sanawy-da, özleşdiriljek maýa goýumynyň mukdary hem diýseň buýsançlydyr: Maksatnamada 2020-nji ýyla çenli 500-den gowrak desgany gurmak üçin 7,5 milliard dollardan gowrak serişde goýberilýär.
Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak barada edýän ýadawsyz aladasy netijesinde, häzirki we geljekki nesillerimiziň abadan hem-de bagtyýar durmuşy üçin berk binýat döredildi. Ýurdumyzyň ençeme ýerlerinde kuwwatly kerpiç, sement, turba zawodlary, mebel fabrikleri guruldy, gurluşyklary ýokary derejede alyp barjak hünärmenler taýýarlanyldy. Golaý wagtlarda Lebap welaýatynda ýerli çig mallaryň esasynda gurluşyk serişdelerini öndürjek “Magdanly gurluşyk materiallary” pudaklaýyn kärhanasyny, her ýylda 100 müň tonna gips öndürjek “Hilli gurluşyk önümleri” kärhanasyny açmak göz öňünde tutulýar. “Hilli gurluşyk önümleri” kärhanasy gipsiň esasynda gury gurluşyk galyndylarynyň 250 müň tonnasyny we 12 million inedördül metr gipsokorton öndürer.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň Watany özgertmek, şol sanda türkmen obasyny döwrebaplaşdyrmak babatda başyny başlan strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimler ädildi. Şol strategiýa bolsa, durmuş we ykdysady ösüş meselelerini çözmäge innowasion, toplumlaýyn hem-de sazlaşykly çemeleşmä esaslanýar. Diňe geçen 2015-nji ýylda ýurdumyzyň sebitlerinde 2 sany hassahananyň, 16 sany saglyk öýüniň, 14 sany çagalar bagynyň, 15 sany orta mekdebiň, 9 sany medeniýet öýüniň, 3 sany sport mekdebiniň, 4 sany suw arassalaýjy desganyň gurlandygy, 3968 kilometr suw we gaz geçirijisiniň, lagym we elektrik geçiriji ulgamlaryň çekilendigi, 293 kilometr ulag ýollarynyň gurlandygy has-da buýsandyryjydyr. Şeýle hem 2340 kilometr telefon ulgamynyň çekilendigi ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda uly işleriň alnyp barylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Ýokarda görkezilen milli Maksatnamanyň çäklerinde diňe bir ýylyň dowamynda umumy özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň 4,9 milliard manada barabar bolandygy gurluşyk pudagynyň ykdysady kuwwatynyň geljekde has hem uly möçberlere ýetjekdiginden habar berýär. Çünki islendik gurlan bina, desga ulanylmaga berlen gününden başlap milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna hyzmat edýär.
Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary netijesinde, ýurdumyzda iri möçberli işler barha ýokary depginlerde dowam etdirilýär. Muňa öz keşbini okgunly özgerdýän paýtagtymyzam, welaýat merkezlerimizem, şäherlerimizdir obalarymyzam, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bina edilen köpsanly medeni-durmuş, senagat, ulag-aragatnaşyk maksatly hem-de beýleki onlarça desgalaram şaýatlyk edýändir. Watanymyzyň iň bir alysdaky künjeklerinde hem her ýyl täze durmuşyň alamatlary peýda bolýar, bu künjekler gözüň alnynda özgerýär.
Begendirýän ýeri-de täze obalaryň gurulmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň häsiýetli aýratynlygyna öwrüldi. Düýpli we giň möçberli özgertmeler türkmen topragynyň ähli künjegini gurşap aldy. Olar döwletimiziň häzirki döwürdäki esasy ugrunyň möhüm görkezijisine öwrüldi. Munuň özi oba ýerlerinde döwür bilen aýakdaş ýöremek, amatlylygyň we hyzmatyň şäher ölçeglerine laýyk derejesini döretmek kadasynyň emele gelýändiginiň subutnamasydyr. Türkmen obasynyň täze nusgasynyň döredilmegi oba ilatynyň durmuşynyň hil taýdan täze derejesini kemala getirmäge, obany döwrebap esasda hem-de geljegi nazarlap ösdürmegiň ykdysady hem-de maýa goýum gurallaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Bu ajaýyp işleriň bagtyýar nesillerimiziň şu günki durmuşyny, ýagty gelejegini nazarlaýandygy has-da guwandyryjydyr.
Golaýda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Garabekewül etrabynyň Zelili adyndaky geňeşliginde “Berkarar zaman” döwrebap obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 600 maşgala niýetlenen bu täze oba Türkmenabat-Atamyrat gara ýoly bilen demir ýoluň arasyndaky çäkde 210 gektar meýdanda, etrap merkezinden 32 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Täze obada 200 orunlyk tomaşa zally medeniýet öýi, toý dabaralaryny geçirmek üçin 500 orunlyk zaly bolan “Bagt öýi”, 200 adamyň namaz okamagy üçin niýetlenen metjit we beýleki durmuş maksatly desgalar guruldy. Şeýle hem 640 orunlyk mekdep, 280 körpe üçin çagalar bagy, dermanhanaly saglyk öýi, oba geňeşliginiň edara binasy, awtomatlaşdyrylan telefon beketli 650 belgili aragatnaşyk edarasynyň jaýy, köpugurly söwda bazary, durmuş hyzmaty öýi, azyk we senagat harytlary dükanlarynyň hem 4-si bina edildi.
Bu ýerde aýratyn poslamaýan berk sintetiki turbalardan umumy uzynlygy 18,3 kilometr suw geçirijileri, 21 kilometr uzynlykda lagym ulgamlary, 37 kilometrlik gaz geçirijileri, 47 kilometrden gowrak uzynlykda elektrik geçiriji ulgamlar çekildi, 27 kilometre golaý asfaltlanan ýol guruldy. Şeýle hem bu ýerde transformatorly kiçi elektrik bekedi, suw arassalaýjy enjamly suw sorujy beket, ýangyna garşy göreş edarasynyň jaýy bar.
Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hem S.A.Nyýazow adyndaky etrapda gurlan “Bagtyýar zaman” täze obasyny açyp berdi. Daşoguz şäheriniň golaýynda 144 gektar meýdany eýeleýän täze obada şäheriňkiden kem bolmadyk zerur hemme düzümler döredildi. Bu ýerde dürli ähmiýetli köpsanly desgalar, 500 maşgala niýetlenen amatlylygyň hemme şertleri bilen üpjün edilen 274 sany 1 gatly, 4 otagly hem-de kottej görnüşli 226 sany 2 gatly, 6 otagly ýaşaýyş jaýlary gurlupdyr. Mundan başga-da, bu ýerde ýerli dolandyryş üçin edara binasy, mekdep, çagalar bagy, saglyk, medeniýet we hyzmatlar öýleri, telefon bekedi, “Toý mekany”, söwda merkezi, birnäçe dükanlar we metjit guruldy. Bu desgalaryň ählisiniň taslamalary häzirki zaman talaplary nazarda tutulyp düzüldi hem-de enjamlaşdyryldy. Iki gatly dolandyryş binasynda işgärleriň iş otaglaryndan başga-da uly we kiçi maslahatlar zaly bar. Hemme gulluk otaglary zerur edara enjamlary, kompýuter tehnikalary, degişli aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edildi.
Aşgabat şäheriniň demirgazyk-günbatarynda 2015-nji ýylda “Täze zaman” döwrebap obanyň desgalarynyň ikinji nobatdakysynyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde 1 müň 46 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň 942-si, çagalar bagy, seýilgäh we metjit ulanmaga berildi. 2014-nji ýylda bolsa, bu iri möçberli taslamanyň birinji nobatdakysynyň çäklerinde bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalar ulanylmaga berlipdi.
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bina edilen täze Halkara ahalteke atçylyk toplumda işlejek atşynaslar üçin bina edilen täze Aba Annaýew obasynda 114 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary guruldy. Bu ýerde ulag goýmak üçin garaž we mellek ýerleri göz öňünde tutulan iki gatly jaýlar, şeýle hem çagalar bagy, mekdep, hassahana, dükanlar we beýleki ýaşaýyş-durmuş desgalary guruldy.
Lebap welaýatynda täze Garlyk şäherçesinde 2013-nji ýylda 17 desga gurlup, ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda geňeşligiň edara binasy, umumybilim berýän we sport mekdepleri, medeniýet öýi, çagalar bagy, hassahana, ýaşaýyş jaýlary, söwda merkezi, aragatnaşyk ulgamy bolan poçta, awtoulag terminaly, amfiteatry bolan uly seýilgäh, bank bölümi bar. Umumy uzynlygy 250 kilometrden gowrak bolan Bagtyýarlyk-Garlyk ýokary basyşly gaz geçirijisi şäherçäni doly gazlaşdyrdy. Şol ýyl Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesinde 10-dan gowrak durmuş-ykdysady maksatly täze desgalar — umumybilim berýän mekdep, çagalar bagy, medeniýet öýi, seýilgäh, demirýol menzili, telefon ulgamy bolan aragatnaşyk bölümi, dermanhanaly saglyk öýi, söwda merkezi, maldarçylyk önümlerini taýýarlaýyş kärhanasy, myhmanhana guruldy.
Bu aýdylanlar oba ýerlerindäki gurluşyklaryň häzirki döwürde has-da uly möçberlere eýe bolýandygynyň anyk güwäsidir. Begendirýän ýeri: bu obalarda şäherdäki ýaly durmuş maksatly amatlyklaryň ählisiniň bardygydyr. Obalarda iň häzirki zaman saglyk öýleri guruldy.
Häzirki döwürde milli Liderimiziň ýakyndan alada etmeginde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Gäwers” geňeşliginde, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň “Gulmaç” geňeşliginde, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň “Täze ýol” geňeşliginde, Lebap welaýatynyň Birata etrabynda we Mary welaýatynyň “Jemgyýet” geňeşliginiň çäklerinde şu günki bagtyýar zamanamyzyň alamatlary bolan obalaryň, şäherçeleriň gurluşygy güýçli depginlerde dowam etdirilýär.
Bir, iki gatly ähli amatlyklary we 8 sotok ýeri bolan ýaşaýyş jaý, kottej toplumlary gözel paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk, Çandybil etraplarynda hem güýçli depginlerde alnyp barylýar.
Ýokarda aýdylanlar bagtyýar zamanamyzda obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek we döwrebaplaşdyrmak milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan we yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigini aýdyň alamatlandyrýar. Diýmek, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmek meseleleriniň çözülmegi oba adamlarynyň has oňaýly durmuş şertlerini döretmäge we döredijilikli zähmet çekmegini üpjün etmäge gönükdirilen durmuş ulgamyna degişli wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Gysga döwrüň içinde bitirilen ajaýyp işler hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda işlenilip düzülen Oba milli maksatnamanyň doly ýerine ýetirilýändigine aýdyň subutnama bolup durýar. Bu belent ösüşler bagtyýar raýatlarymyzyň kalplaryny joşa getirip, olary Berkarar döwletimiziň has-da gülläp ösmegi, merdana halkymyzyň hemişe bolelinlikde ýaşamagy ugrunda netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Biz “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň okyjylarynyň hem-de döredijilik toparynyň adyndan merdana halkymyzy, her birimiziň asudalykda, agzybirlikde, jebislikde, bolelinlikde ýaşap, ata Watanymyzyň ýylsaýyn rowaçlanmagy üçin netijeli zähmet çekmegimize ägirt uly mümkinçilikleri döredýän Arkadag Prezidentimizi Galla baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimize uly ýeňişler, merdana halkymyza bagtyýar durmuş baky ýaran bolsun!
Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, merdana halkymyzyň rowaçlygy, tutuş adamzadyň parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan netijeli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Myratdurdy Garjanow,
“Zaman-Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory.