Hünärmenler tiz doýmak üçin düzüminde ýokary derejede belok, kletçatka we suw saklaýan önümleri iýmegi maslahat berýärler.
Bahar pasly horlanmaga meýil döredip, köpler bu pasylda syratly bolmak isleýärler. Lukmanlar artykmaç agramdan dynmak isleýänlere berhize derek, açlyk duýgusy bilen göreşmäge ýardam berýän ýokumly iýmitlerden iýmegi maslahat berýärler. Şeýle hem, ähli ýokumly önümlere kaloriýaly diýip bolmaz. Hünärmenler önümleriň ýokumlylygy barada gürrüň gozgalanda, islendik bedene zerur bolan mikroelementleriň doýgunlygyny nazara alýarlar.
Iýmit ugrundan işleýän hünärmenler artyk iýmegiň, artykmaç agram ýygnamagyň öňüni alýan we açlyk duýgusyny uzak wagtlap aradan aýyrýan pes kaloriýaly önümleri maslahat berýärler. Umuman, bilermenler düzüminde ýagyň az mukdaryny we ýönekeý uglewodlary saklaýan iýmite aýratyn üns bermegi maslahat berýärler.
Miweler we gök önümler: bular düzüminde ereýän we eremeýän iýmit süýümlerini hem-de suwuň köp mukdaryny saklaýar. Olaryň iýilmegi iýmit siňdirişe ýardam berip, ganyň düzümindäki şekeri durnuklaşdyrýar. Mundan başga-da, miweler we miwe kişdeleri dürli-dürli taýýar süýji önümleriň ýerini tutup bilýär. Miweler we gök önümler elin gatyk we dorag bilen garylan halatynda, juda ýokumly tagam bolýar.
Balyk, guş eti, ýagsyz et: bu önümler düzümindäki köp sanly beloklaryň hasabyna uzak wagtlap dok saklaýar. Çünki, olar uzak wagtyň dowamynda siňýär. Olary gaýnadyp ýa-da buglap iýmek has-da peýdaly bolýar. Şeýle hem bu sanawa deňiz önümlerini hem goşmak mümkin.
Çylşyrymly haýal siňýän uglewodlar: Adam bedeniniň talabalaýyk ýaşap, energiýa almagy üçin peýdaly maddalara mätäçligi bar. Olaryň iýilmegi bedeniň goraglylyk derejesini hem-de beýniniň işjeňligini ýokarlandyrýar. Çylşyrymly uglewodlar uzak wagtlap adam bedeni tarapyndan gaýtadan işlenýär, ony peýdaly maddalar we energiýa bilen üpjün edýär. Çylşyrymly uglewodlaryň dürli görnüşleri bar: kletçatka, krahmal, pektin we şuňa meňzeşler. Däneli we kösükli ösümliklerden taýýarlanan nahar, nohut we gök önümler olaryň iň gowy çeşmeleridir.
Ruslan NURÝAGDYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.