“Panasonic” kompaniýasy Barselonada geçirilen awtoulag senagatynda innowasiýa bagyşlanan ýygnakda dürli iş şertlerinde ulanyp bolýan planşetini görkezdi. 10,1 dýuýmlyk “Panasonic Toughpad FZ-A2” atly “android” planşet, esasan, awtoulag önümçilik desgalarynda işlemäge niýetlenipdir. Mundan başga-da enjam bölek söwda, syýahatçylyk we güýmenje-dynç alyş pudaklarynda zähmet çekýänleriň iň ýakyn kömekçisine öwrüler. Şeýle-de açyk meýdanlarda işläp, edara binasyndaky maglumatlary hemişe görmeli bolýan hünärmenler üçin diýseň gowy enjam. Ol ýeňil (880 g), ýuka (16,4 mm) owadan daşky görnüşi bilen tapawutlanýar. Ony ýagşyň aşagynda hem ulanyp bolýar. Planşet iýulda satuwa çykarylar.