Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň ady, şöhraty, mertebesi bu gün dünýä dolýar. Ösüşleriň özboluşly şu ýoly bilen gitmek arkaly, kuwwatly ykdysady intellektual mümkinçilikleri bolan ýurdumyzda demokratik hukuk döwleti gurmakda, halkymyzy bagtyýarlyga ýetirmekde taryhy gysga döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ägirt uly işler amala aşyryldy. Agzybirlikde we ruhubelentlikde bellenilýän milli baýramçylyklar bedew batly ösüşlere beslenýän döwletimiziň şan-şöhratyny artdyryp, eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýan raýatlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Ählihalk baýramçylyklaryň hatarynda ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň we bitewüliginiň kepili bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we rowaç ösüşleriň nyşany bolup belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyzyň güni buýsanjymyzy hasam goşalandyrýar.
2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň II mejlisinde ýurdumyzyň konstitusion esaslaryny berkitmek we döwlet dolandyrylyşynyň demokratik ýörelgelerini kämilleşdirmek babatda wezipeler kesgitlendi. Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen döwlet häkimiýet we milli kanun çykaryjy edaralaryň işini kämilleşdirmek, Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek, iki palataly ulgama geçmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny we Mejlisi kanun çykaryjy häkimiýetiň edaralar ulgamyna goşmak maksadalaýyk hasaplanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň hukuk ulgamyny özgertmekde we Esasy Kanunyny kämilleşdirmekde iň gowy dünýä tejribesinden, halkara ölçeglerinden ugur alnyp Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek boýunça döredilen Konstitusion topar tarapyndan döwletimiziň Esasy Kanunynyň taslamasy taýýarlanylyp, ol halk köpçüliginiň dykgatyna hödürlendi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Esasy Kanunyna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak işini welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Mejlisiň deputatlary bilen bilelikde degişli işleri alyp barmagy wezipe edip goýdy. Munuň özi döwletimiziň demokratik we hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda, jemgyýetde amala aşyrylýan özgerişlikleri kanunçylyk taýdan üpjün etmekde möhüm hem-de jogapkärli ädimdir. Kämilleşdirilen, demokratik ýörelgelere esaslanan hem-de degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesini öz içine alýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de üstünlikli ösmeginiň, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň ygtybarly esasy bolup durýar. Konstitusion kadalaryň kämilleşdirilmegi, milli mirasymyza, halkymyzyň paýhas goruna esaslanyp, öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen sazlaşdyrylyp ösdürilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň özi döwlet we hukuk ulgamyny ösdürmekde biziň ýurdumyzda halkara ýörelgelerine, adam hukuklary boýunça umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyk işleriň geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy mähriban Watanymyzyň jemgyýetçilik we döwlet-syýasy gurluşyny kämilleşdirmek, bazar ykdysadyýetine doly geçmek baradaky belent özgertmeleriniň konstitusion hukuk esaslaryny üpjün etmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriniň depgininiň ýokarlanmagyna we geriminiň giňelmegine ýardam etmek, Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýany mundan beýläk hem ösdürmek, döwlet häkimiýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, her bir raýatyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän parasatly syýasaty durmuşa geçirmäge goşant goşmak maksatlaryna eýerýär.
“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitleri we rowaç ösüşleri, türkmen halkynyň mizemez agzybirligini, bitewüligini, umumadamzat gymmatlyklaryna hem-de parahatçylyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýan mukaddesliklerdir. Döwletlilikden we berkararlykdan, rowaçlykdan hem bitewülikden gözbaş alýan bu iki mukaddesligiň baýramy göwünleri joşa getirýär. Ýaşyl Tugumyz Türkmen döwletiniň mizemezliginiň, halkymyzyň jebisliginiň nyşanydyr, ol biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň umumy keşbini, türkmen halkynyň geçmişini, häzirki döwrüni we geljege bolan ynamyny beýan edýär.
Goý, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni guran, tutuş dünýä dost-doganlyk, parahatçylyk gujagyny açyp, ýurdumyzy beýik ýeňişler bilen beýgeldýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn!
Aşyrdurdy Allaýew,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.