Beýik ýüpek ýoly Hytaýy Alynky Aziýa we Ýewropa bilen baglanyşdyrýan söwda kerwen ýoludyr. Hytaýyň daşary ýurtlara çykarýan harytlary diňe bir ýüpek mata bolmandyr. Olar daşary ýurtlara çaý, farfor önümlerini, bezeg üçin boýag, kagyz önümlerini hem çykarypdyrlar. Bu harytlar Ýewropanyň bazarlarynda örän geçginli bolupdyr. Ýöne Hytaýyň esasy harytlarynyň ýüpekdigini nazara alyp, bu söwda ýoluna “Beýik Ýüpek ýoly” diýip at beripdirler. Hytaýlylar 5 müň ýyl mundan ozal, ýüpek gurçugyndan ýüpek almagyň usulyny tapypdyrlar. Rowaýatlara görä, ilkinji ýüpegiň alnyşy imperatoryň aýaly Si Ling Çi bilen baglydyr. Ol çaý içip otyrka, käsesine agaçdan ýüpek gurçugynyň pilesi gaçypdyr. Haçan-da, ol käseden çykarjak bolup piläni çekende ýüpek sapagy çözülip başlapdyr we ilkinji gezek ýüpegiň alnyş usulynyň üsti açylypdyr.
Bu söwda ýolunyň başlangyjy hytaý täjiri, syýahatçy Sžan Szýanyň ady bilen baglanyşykly bolupdyr. B.e.öň II asyrda ol Merkezi Aziýa syýahat edipdir. Hytaý täjirleri öz harytlaryny Merkezi Aziýanyň bazarly şäherleri bolan Buharada, Amulda, Horezmde, Merwde we beýleki şäherlerde ýerläpdirler. Ýerli täjirler bolsa, harytlary Siriýa, Müsüre, Wizantiýa ýetiripdirler. Hytaý söwdagärleri Merkezi Aziýadan owadan, ýyndam atlary, üzüm nahallaryny, ýorunja we pagta tohumlaryny alyp gidipdirler.
Şol döwürde ýüpek matasynyň taýýarlanyşynyň syry ýewropalylara belli bolmandyr. Hytaýlylar bolsa, ony örän gizlin saklapdyrlar. Hytaýlylar ýüpegi öndürmegiň usulyny köp asyrlap gizlin saklan bolsalar-da, Merkezi Aziýa we Ortaýer deňziniň kenarýaka ýurtlaryna ýüpekçilik dürli ýollar bilen ýaýrapdyr. B.e.öň VI asyryň 50-nji ýyllarynda Wizantiýanyň imperatory Ýustinian I dolandyran ýyllarynda wizantiýaly syýahatçylar Hytaýdan öz hasalarynyň içini köwüp, ýüpek gurçuklarynyň tohumyny gizlinlikde alyp gaýdypdyrlar. Şondan soň Wizantiýada hem ýüpek öndürilip başlanypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň birnäçe şahalary bolup, olar dünýäniň dürli künjegine uzalypdyr. Olaryň biri Owganystanyň üsti bilen Hindistana giden bolsa, beýlekisi Wolga derýasynyň üsti bilen Gündogar Ýewropa ýurtlaryna gidipdir. Bu ýüpek ýoly bilen Hytaýyň, Hindistanyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň harytlary hem gadymy rus şäherlerine – Kiýewe, Nowgorada, Moskwa eltilipdir. Gadymy döwürde Beýik Ýüpek ýoly halkara söwda gatnaşyklarynyň ösmeginde möhüm ähmiýete eýe bolupdyr.
Beýik Ýüpek ýoly ýurtlaryň we halklaryň özara gatnaşygynyň ösmegine hem ýardam edipdir. B.e.öňki II-I asyrlarda Ýüpek ýolunyň ugrunda uly we kuwwatly Parfiýa döwleti ýerleşipdir. Söwda ýolunyň Parfiýa döwletinden geçmegi Rim bilen Hytaýyň aralygynda kerwen ýollarynyň üstünden agalyk etmegine mümkinçilik beripdir.Parfiýa täjirleri diňe bir Hytaý harytlaryny satyn almak ýa-da ony Günbatar ýurtlaryna äkitmek bilen meşgul bolman, eýsem, öz harytlaryny hem satypdyrlar. Parfiýaly täjirler öz harytlaryny siriýaly, gresiýaly, rimli we beýleki ýewropaly täjirlere satýan ekenler. Parfiýa kerwenleri Günbatarda Siriýa, Ermenistana, Palestina we Müsüre çenli baryp ýetipdir. Bu döwürde Türkmenistanyň çägindäki şäherler hem söwda ýollarynda ýerleşip, uly ähmiýete eýe bolupdyr.
Amyderýanyň kenarynda ýerleşen Amul (Türkmenabat) şäheri söwda merkezleriniň birine öwrülipdir. Bu ýerden bir ýol Owganystana we Hindistana, beýlekisi Horezme, ýene bir ýol bolsa, Merwe geçipdir. Merw şäheri şol döwürlerde hem ýüpek matalary, ýüpek halylary bilen dünýäde meşhurlyk gazanypdyr. Merwden kerwen ýollary Hyrada (Owganystana), Köneürgenje, Nişapura uzapdyr. Merwden Günorta gaýdan kerwen ýoly Sarahsa, Abywerde (Kaka etrabyna) gelipdir. Şol ýerden ýol ýene ikä bölünip, biri Nişapura, biri Etrek-Gürgen sebitlerine aralaşyp, Dehistanyň we Gürgeniň üsti bilen Hazar deňziniň günorta-gündogar kenarlary bilen arap ýurtlaryna aralaşypdyr. Dehistan Günorta-günbatar Türkmenistanyň uly ykdysady, söwda hünärmentçilik we medeni merkezleriniň biri bolupdyr.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky iň uly şäherleriň biride Ürgenç – häzirki Köneürgenjiň ýerinde ýerleşen gadymy şäherdir. Ürgenç diňe orta Gündogar ýurtlary bilen däl, eýsem, Ýewropanyň birnäçe şäherleri bilen söwda medeni gatnaşyklarda bolupdyr. Arheologlar Köneürgençde ýasalan gap-gaçlary Russiýanyň Nowgorod şäherinden tapypdyrlar. Şeýlelikde, Beýik Ýüpek ýolunyň ep-esli bölegi Türkmenistanyň gadymy topragynyň üstünden geçipdir. IV-VII asyrlardan başlap, bu halkara ýüpek söwdasy ýurtlaryň arasynda syýasy-ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginde, dünýäniň halklaryny bir-birine ýakynlaşdyrmakda, halklaryň, ýurtlaryň baýlaşmagyna, olaryň medeni taýdan ýokary göterilmegine uly täsir edipdir.
Beýik Ýüpek ýolunyň şeýle uly taryhy ähmiýetini nazara alyp, ÝUNESKO-nyň karary bilen “Beýik Ýüpek ýoly – gepleşikler ýoly” diýen at bilen döredilen Halkara ylmy-gözleg topary Türkmenistanda 1989-1991-nji ýyllarda işlediler. Olar diňe bir gadymy medeniýeti öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, bu ýoly dikeltmegiň meselelerini hem maslahatlaşdylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň aralygynda syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin demir we gara ýollar gurlup, Beýik Ýüpek ýoly gaýtadan dikeldilýär.
Gülhumar Hojahmetowa,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç
etrap komitetiniň hünärmeni.