Britaniýanyň ylmy işgärler topary täze barlaglaryny geçirenlerinden soňra, adamyň garramagynyň gönüden-göni onuň bilim derejesine bagly bolup durýandygy baradaky pikire geldiler. Alymlar zenanlaryň we erkek kişileriň bilim derejesiniň garraýyş prosesine täsir edýändigini tassykladylar. Görüp otursalar, şahsyýetiň bilim derejesi garrylygyň ösüşini haýalladýan eken.
Birnäçe wagt mundan öň, alymlar adamyň jemgyýetdäki ornunyň hem akyl ukyplaryna gös-göni täsirini ýetirýändigini habar beripdiler. Geçirilen barlaglaryň awtorlary hökmünde, Britaniýanyň kardiologiýa assosiasiýasynyň işgärleri çykyş etdiler. Olar ähli gatnaşyjylarda DNK barlagyny geçirdiler we netijede, pes bilimiň juwanlygyň we ömrüň gysga bolmagynda öz täsirini ýetirýändigini ýüze çykardylar.