Beýik Britaniýanyň milli nyşanlarynyň biri hasaplanýan, London şäherindäki Westminister köşgüniň sagat diňiniň “Big-Ben” jaňy soňky gezek şu ýylyň 21-nji awgustynda kakylar. Şondan soňra diň tutuşlygyna ýapylar we uly göwrümli abatlaýyş işlerine girişiler. Bu barada Beýik Britaniýanyň parlamentiniň metbugat gullugy habar berýär. Bu bina 2012-nji ýylda resmi taýdan “Ýelizaweta diňi” diýlip atlandyryldy.
London şäheriniň nyşanyndaky abatlaýyş işleri 4 ýyl dowam edip, onuň täzeden 2021-nji ýylda işläp başlajakdygy aýdylýar. Sagadyň sakçylaryndan Stiw Jaggz sagat diňinde düýpli abatlaýyş işleriniň geçiriljekdigini mälim etdi.
Bu diň 1859-njy ýylda gurlupdy. Diňiň esasy jaňy, ýagny “Big-Ben”-iň agramy 13,7 tonna. Her sagatda oňa çekiç bilen urulýar. Jaň soňky 157 ýylyň dowamynda gije-gündiz işledi. Soňky gezek 2007-nji ýylda onda arassaçylyk işleri geçirilipdi. 30 ýyl mundan ozal bolsa, abatlaýyş işleri alnyp baryldy.
Ýelizaweta diňini düýpli abatlamak çözgüdi sagadyň we binanyň özüniň abatlaýyş işlerini geçirmäge zerurlyk duýýandygy üçin kabul edildi.
Londonyň raýatlaryny we onuň myhmanlaryny 21-nji awgustda Parlament meýdançasyna çagyrýarlar we şol gün “Big-Ben”-iň soňky gezek kakylan jaň sesi eşidiler. Soňra jaňyň sesini eşitmek üçin 4 ýyl garaşmaly bolar.
Sagat diňiniň abatlaýyş işlerine dünýäniň dürli ýurtlaryndan hünärmenler çagyryldy. Abatlaýyş işleri üçin 29 million funt sterling sarp ediler we bu serişdeler parlamentiň býujetiniň hasabyna amala aşyrylar. Beýikligi 96 metre barabar bolan binada abatlaýyş işleriniň çäklerinde hünärmenleriň işlemegi üçin ýörite lift gurnalar.