ABŞ-nyň “Blue Origin” hususy kompaniýasy 200-300 müň dollar aralygyndaky baha bilen öz howa gämisi “New Shepard”-dan aşaky orbita uçuşlary üçin syýahatçylara orun satmagy meýilleşdirýär. 19-njy iýunda “Blue Origin”-iň wise-prezidenti Robert Meýerson geljegi uly kosmos hyzmatlary atly geçirilen maslahatda kompaniýanyň 2019-njy ýyldan başlap, kosmos syýahatçylary üçin petek satyp başlamagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Emma satuwlaryň anyk wagty heniz mälim edilmedi. “New Shepard” gämisi alty ýolagça niýetlenendir. Ol eýýäm 2015-nji ýylyň güýzünden bäri awtomatik düzgünde sekiz sany şowly uçuşy amala aşyrdy. Soňky uçuşy 2018-nji ýylyň 29-njy aprelinde bolupdy. “Blue Origin”-den başga kosmosa yzygiderli syýahatçylyk uçuşlaryny “Virgin Galactic” we “SpaceX” kompaniýalary hem amala aşyrmagy meýilleşdirýärler. “Virgin Galactic” maýyň ahyrynda öz howa gämisiniň 13-nji synagyny amala aşyrdy.
100 kilometr beýiklikden 6 syýahatçynyň Ýer togalagyna tomaşa etmegine mümkinçilik berjek iki sagatlyk uçuşyň bahasynyň 250 müň dollar bolmagyna garaşylýar. Kompaniýanyň wekilleri kosmosa syýahatçy gatnatjak gäminiň uçjak wagty belli bolmasa-da, eýýäm 650-den gowrak sargyt alandyklaryny aýdýarlar. Bu howa gämisinde orbita çykmak isleýänleriň arasynda Golliwudyň ýyldyzlaryndan Leonardo Di Kaprio, Tom Henks we Anjelina Joli dagy bar.