Sport äle­mi­niň ab­raý­ly sy­lag­la­ryn­dan “Laue­rus” baý­rak­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­le­ri mä­lim edil­di. “Lau­re­us” sport aka­de­mi­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2000-nji ýyl­dan bä­ri yzy­gi­der­li gow­şu­ryl­ýan baý­rak­la­ryň bu ýyl­ky da­ba­ra­sy Mo­na­ko­da ge­çi­ril­di. Şow­hun­ly ge­çen da­ba­ra­ny iň­lis akt­ýo­ry Hýu Grant we ta­ny­mal alyp­ba­ry­jy Keýt Ab­do alyp bar­dy. Çä­re­de ýy­lyň er­kek tür­ge­ni baý­ra­gy­ny ýa­maý­ka­ly sprin­ter Usain Bolt eýe­le­di. Rio Olim­pia­da­syn­da 3 al­tyn me­dal ga­za­nan Bolt 4-nji sa­par bu hor­ma­ta la­ýyk gö­rül­di we Fe­de­re­riň yzyn­dan ýet­di. Usain Bolt 2009-njy, 2010-njy we 2013-nji ýyl­lar­da-da “Lau­re­us – ýy­lyň er­kek tür­ge­ni” baý­ra­gy­na my­na­syp bo­lup­dy. “Ýy­lyň ze­nan tür­ge­ni” diý­len ugur­da ame­ri­ka­ly ýa­şa­jyk gim­nas­ti­ka­çy Si­mo­ne Baý­les ta­pa­wut­lan­dy. Rio–2016-da çe­per gim­nas­ti­ka­da 4 al­tyn, 1 bü­rünç me­dal alan Baý­les bu baý­ra­ga la­ýyk gör­len il­kin­ji gim­nas­ti­ka­çy bol­dy. “Ýy­lyň to­pa­ry” baý­ra­gy­na Ame­ri­ka­nyň Beýs­bol li­ga­syn­da 108 ýyl­dan soň çem­pi­on bo­lan “Çi­ka­go Kubs” to­pa­ry my­na­syp gö­rül­di. For­mu­la 1-iň ge­çen ýyl­ky çem­pio­ny ge­ma­ni­ýa­ly Ni­ko Ros­berg “ýy­lyň ösüş gör­ke­zen tür­ge­ni”, ame­ri­ka­ly ýü­zü­ji Maýkl Felps “ýy­lyň gaý­dyp ge­l­şi”, ita­li­ýa­ly feh­to­wa­ni­ýa­çy Be­at­ri­se Wio “ýy­lyň ma­ýyp tür­ge­ni”, ang­li­ýa­ly dag we­lo­si­ped­çi­si Ra­çel Ater­ton “ýy­lyň ekst­re­mal tür­ge­ni” baý­rak­la­ry­ny eýe­le­di­ler. “Les­ter Si­ti” fut­bol to­pa­ry “sport ru­hy”, “Bar­se­lo­na­nyň” 12 ýa­şa çen­li­le­riň to­pa­ry “ýy­lyň iň go­wy sport pur­sa­ty” şeý­le-de Bos­gun­lar Olim­pi­ýa to­pa­ry “go­wu­lyk üçin sport” baý­rak­la­ry­na my­na­syp bol­dy.