Braziliýa 21-nji gezek Dünýä Kubogynda
Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Günorta Amerika zolagynda toparlar 2 duşuşyk geçirdi. Şolaryň 2-sinde hem ýeňiş gazanan Braziliýanyň ýygyndysy Dünýä Kubogyna ýollanma almagy başaran ilkinji topar boldy. Braziller ilki myhmançylykda Paulinionyň het-trik eden oýnunda Urugwaýdan 4–1, soňra-da öz meýdançasynda Paragwaýy 3–0 hasabynda utdy. Her oýunda 1 gol geçiren Neýmar ilkinji gezek kapitan hökmünde meýdança çykan bu duşuşygynda 53-nji minutda penaltiden ýerlikli peýdalanyp bilmedi. Şeýlelikde, saýlama tapgyryna ýeňliş bilen başlan 5 gezek Dünýäniň çempiony Braziliýa soňky 13 oýunda 10 ýeňiş gazandy. Mundan öňki ähli Dünýä Kubogyna gatnaşan ýeke-täk topar bolan Braziliýa 21-nji gezek ýer şarynyň iň uly futbol ýaryşynda çykyş eder.
Messä 4 oýunlyk jerime
Munuň tersine, Argentina üçin ýagdaý o diýen öwerlikli däl. Çilini Lionel Messiniň penalti goly bilen ýeňen argentinler Boliwiýadan 2–0 hasabynda asgyn geldi. Häzirki wagtda 5-nji hatarda barýan toparyň super ýyldyzy Lionel Messi Çili duşuşygynda gapdal emin bilen jedelleşeni üçin FIFA tarapyndan 4 oýunlyk jerime berildi. Messiniň oýnamadyk 8 duşuşygynda diňe 1 gezek ýeňen argentinler üçin super ýyldyzynyň ýoklugy uly ýitgi bolup durýar. Şeýle-de bu tapgyrda 6 utuk toplan Kolumbiýa 2-nji orna çykdy.