Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 4-nji ýanwary Braýl elipbiýiniň bütindünýä güni hökmünde yglan etdi. Braýl elipbiýi batyllar hem-de görüş taýdan ukypsyzlaryň kitaplary hem-de döwürleýin neşirleri okamak üçin ulanýan ýazuw ulgamydyr.
Braýl elipbiýi maýyplaryň hukuklary baradaky Konwensiýa laýyklykda, körler jemgyýetiniň esasy serişdesi bolup hyzmat edip, olaryň bilim we maglumat almagynda hem-de pikirlerini erkin beýan etmeginde möhüm orun eýeleýär.
– Baş Assambleýa 4-nji ýanwary Braýl elipbiýiniň bütindünýä güni hökmünde yglan etdi. Ol Braýl elipbiýiniň ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen 2019-njy ýyldan başlanyp, her ýyl belleniler – diýlip, kabul edilen Kararnamada bellenilip geçilýär.
Häzirki wagtda tutuş dünýäde 10 milliona golaý kör bar. Takmynan, 130 million adam görüş taýdan maýyp hasaplanýar.
1809-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda fransiýaly Lui Braýl bäş ýaşyndaka, görmekden mahrum bolýar. Ol Pariždäki batyllaryň ýokary okuw mekdebinde okaýan döwründe batyllaryň kitap okamagy barada pikirlenmäge başlaýar. Lui Braýl 1824-nji ýylda 15 ýaşynda batyllaryň ilkinji elipbiýini taýýarlaýar. Häzirki wagtda hem ol giňden ulanylýar. 1837-nji ýylda Fransiýanyň taryhy kitaby Braýl elipbiýi usulynda çap edilen ilkinji kitap bolýar.