Braziliýanyň nebit we gaz kompaniýasy “Petroleo Brasileiro” (Petrobras) aprel aýynda nebit eksportunda rekord goýup, ony günde 1 million barrele ýa-da aýda 30,4 million barrele çenli çykarmagyň hötdesinden geldi. “Aprel aýynda günde 1 million barrel nebit eksport etdik. Bu täze rekord. Öňki rekord 2019-njy ýylyň dekabrynda goýuldy we bir günde 771 müň barrel nebite barabar boldy” diýlip, kompaniýanyň beýanatynda mälim edilýär.
Umuman aýdanyňda, kompaniýanyň birinji çärýegindäki eksporty geçen ýylyň dördünji çärýegi bilen deňeşdirilende 25% ösdi. “2020-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Hytaý esasy satuw ugry bolup, nebit eksportunyň 60%-ini emele getirdi. Hytaýdan başga-da, “Petrobras” kompaniýasy ABŞ-a, Ýewropa, Hindistana we beýleki Aziýa bazarlaryna nebit iberýär” diýlip, beýanatda bellenilýär. Kompaniýa Hytaý tarapyndan islegiň täzeden başlamagy we täze bazarlary ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler netijesinde, has oňyn eksport öndürijiligine garaşýar.
Ondan öň aprel aýynda günde 2,07 million barrel nebit öndürmegi meýilleşdirýän “Petrobras”, islegiň garaşylýanyndan has ýokarydygy sebäpli bu görkezijini ortaça 2,26 million barrele çenli ýokarlandyrdy.
“Petrobras” nebit-gaz kompaniýasy 1953-nji ýylda esaslandyryldy.