Dünýäde iň köp satylýan haryt kofedir.
Adam başyna iň köp welosiped düşýän ýurt Niderlandlardyr.
Iň köp gol geçiren derwezeçi Rojerio Senidir.
Toklutaýyň uçup bilýän iň agyr guşdur.
Adam ömrüniň dowamynda takmynan, 180 müň kilometr ýöreýär. Bu bolsa Ýeriň daşyndan 4,5 gezek aýlaw etmek diýmekdir.
Uzyn adamlaryň iň köp ýaşaýan ýurdy Niderlandlardyr.
Täze dünýä inen pandanyň agramy 150 gram töweregi bolýar.
Ananas miwe däl-de, bakja ekinidir.
Deňiz kenarlaryndaky çägelere ýakyndan seredilende, olaryň dürli reňklidigini görmek bolýar.
Goňşy planetamyz bolan Wenera sagadyň tersiniň ugruna aýlanýan ýeke-täk planetadyr. Bu asman jisimi Günüň daşyndaky aýlawyny 224 günde tamamlaýar.
Çybynlaryň wyzzyldysy olaryň sekuntda ortaça 480 gezek ganat kakmagynyň netijesinde ýüze çykýar.
Gün şöhlesi düşmese bal birnäçe asyrlap zaýalanman saklanýar.