Öň ulanylan islendik zady gaýtadan peýdalanmagyň daşky gurşawa, tebigata, ykdysadyýete, umuman, adamzada peýdasy uly. Şol sebäpli ulanyş möhleti tamamlanan zatlary zibile taşlaman, ondan başga bir zadyň öndürilmegine köp üns berilýär. Siz hem plastmassa gaplardan ýa-da haýsydyr bir zadyň gutusyndan gurjak, oýnawaç maşyn, dürli jäjekleri, bezeg üçin zynjyrlary ýa-da islegiňize görä, haýsydyr bir zat ýasap bilersiňiz. Senagat taýdan gaýtadan peýdalanmak üçin bolsa, zibiller aýratynlykda ýygnalýar. Munuň üçin, köpçülik ýerlerinde kagyz, aýna, plastmassa, alýumin ýaly taşlanjak zadyň materialyna görä aýratynlykda gutular ýerleşdirilýär. Olar aýratynlykda toplananda, gaýtadan işlemek aňsat bolýar. Siz hem içen suwuňyzyň gabyny ýa-da iýen kempudyňyzyň kagyzyny ýörite bellenen gutulara taşlamagy unutmaň!
Kagyz, aýna, plastmassa, mis, demir, polat we elektron enjamlar çig mal hökmünde gaýtadan işlenilýän materiallar hasaplanýar.
Ýerasty we ýerüsti tebigy baýlyklaryň tygşytlanmagy olaryň geljek nesillere galdyrylmagyna mümkinçilik berer.
Gaýtadan işlenilýän materiallar daşky gurşawyň goralmagyna, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmaga, energiýa çeşmelerini tygşytlamaga ýardam edýär.
Gündelik durmuşda kagyz we kagyzdan taýýarlanan zatlardan köp peýdalanylýar. Kagyz, sellýulozadan, sellýuloza bolsa, agaçdan alynýar. Ýagny kagyz öndürmek üçin agaçlary kesmeli bolýar. Emma ozal peýdalanylan kagyzlary hem gaýtadan işlemek arkaly kagyz öndürip bolýar. Ulanylan kagyzlarymyzy zibile taşlaman, gaýtadan çig mal hökmünde ulansak, tebigatyň aýawly saklanmagyna hem goşant goşdugymyz bolar.
Bir tonna ulanylan kagyz gaýtadan peýdalanylanda; howadaky 12400 m3 kömürturşy gazynyň ýok edilmegine, 12400 m3 kislorodyň öndürilmegine, 34 adamyň kislorodyny bölüp çykarýan 17 agajyň kesilmeginiň öňüniň alynmagyna, üç maşgala bir aý ýetjek suwuň tygşytlanmagyna sebäp bolýar.
Plastmassanyň ýigrimä golaý görnüşi bolup, olar aýratynlykda gaýtadan işlenilýär. 2,5 litrlik bir sany plastmassa gap gaýtadan işlenende, 6 sagatlyk, 60 watt elektrik energiýasy tygşytlanýar.
Aýna gaplar hem şeýle. Aýnany ýokary gyzgynlykda eretmek arkaly gaýtadan dürli görnüşli çüýşeleri ýasaýarlar.
25 sany plastmassa gapdan bir sany penjek öndürip bolýar.
Aýna gaplarynyň üçden bir bölegi ozal ulanylan gaplaryň gaýtadan işlenmegi netijesinde öndürilen.
Bir aýna gabyň gaýtadan işlenmegi bilen tygşytlanan energiýa 100 watt lampanyň 1 sagat, bir kompýuteriň 25 minut, bir telewizoryň 20 minut ýa-da bir kir ýuwujy maşynyň 10 minutda sarp edýän energiýasyna barabardyr.