Te­bi­gat­da gör­me­gi­mi­ze müm­kin­çi­lik ber­ýän ener­gi­ýa­nyň bir gör­nü­şi­ne ýag­ty­lyk di­ýil­ýär.

Şöh­lä­niň tiz­li­gi se­kunt­da 300 müň ki­lo­met­re ýe­tip, tol­kun gör­nü­şin­de öňe gid­ýär.

Ýag­ty­lyk çeş­me­si bo­lan Gün pla­ne­ta­myz­dan 150 mil­li­on km tö­we­re­gi daş­lyk­da bo­lup, onuň şöh­le­si 8 mi­nut 20 se­kunt­da ge­lip ýet­ýär. Gün bol­ma­sa, Ýer­de hiç hi­li ýa­şa­ýyş bol­ma­ýar.

Mun­dan mil­li­on­lar­ça ýyl ozal gu­ran ösüm­lik­ler Gün ener­gi­ýa­sy­ny öz­le­rin­de sak­lap, ne­bit, kö­mür we gaz ýa­ly ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne öw­rü­lip­dir.

Ge­rek­me­jek ýag­daý­da ýag­ty­ly­gyň sarp edil­me­gi te­bi­ga­ta zy­ýan ýe­tir­ýär.

Los-An­je­les şä­he­ri­ni gi­je­si­ne 320 km uzak­lyk­dan uçar­dan saý­ga­ryp bol­ýar.

Kä­bir jan­dar­lar we mör-mö­jek­ler ada­myň gö­rüp bil­me­ýän ult­ra­me­lew­şe şöh­le­le­ri­ni gör­ýär.

Gün şöh­le­si Aý­dan Ýe­re 1,255 se­kunt­da gel­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Aýyň öz ýag­ty­ly­gy bol­man, bu as­man ji­si­mi Gü­nüň şöh­le­si­ni döw­mek ar­ka­ly ýag­ty­lyk saç­ýar.

Gün şöh­le­si de­ňiz­ler­de 200 met­re çen­li çuň­lu­ga ýet­ýär.

Ösüm­lik­ler kö­mür­tur­şy ga­zy­ny iý­mi­te öwür­mek üçin Gün şöh­le­sin­den ener­gi­ýa al­ýar. Bu ha­dy­sa fo­to­sin­tez di­ýil­ýär.

Pi­şik­le­riň gö­zün­de yşy­gy yza ser­pik­dir­iji mad­da bol­ýar. Bu mad­da se­bäp­li ga­raň­ky­da ola­ryň gö­zi ýag­ty bo­lup gö­rün­ýär.

Ada­myň gö­zi tol­kun uzyn­ly­gy 400 na­no­metr bi­len 700 na­no­metr ara­ly­gyn­da­ky şöh­le­le­ri gör­ýär.

Gün­den Ýe­re gel­ýän şöh­lä­niň 43 gö­te­ri­mi­ni gör­ýä­ris.

Kä­bir jan­dar­la­ryň be­de­ni ýag­ty­lyk saç­ýar. Şeý­le jan­dar­la­ryň kö­pü­si deň­ziň çuň ýer­le­rin­de ýa­şa­ýar.

As­ma­nyň reň­ki­niň gök bol­ma­gy­nyň se­bä­bi bu reň­kiň tol­kun uzyn­ly­gy­nyň ki­çi bol­ma­gy bi­len bag­ly­dyr. Tol­kun uzyn­ly­gy ki­çi bo­lan şöh­le at­mos­fe­ra­da has çalt dar­ga­ýar.

1826-njy ýyl­da fran­suz oý­lap ta­py­jy­sy Ni­se­for Nýeps il­kin­ji fo­to­su­ra­ty al­dy. Ol mu­nuň üçin 8 sa­gat ga­raş­ma­ly bol­dy.

Ka­li­for­ni­ýa­da­ky syn­la­ýyş çar­hy Gün ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän il­kin­ji güý­men­je mer­ke­zi­dir.

Ýer ýü­zün­de her se­kunt­da ýüz­den gow­rak ýyl­dy­rym çak­ýar.

To­mus­da An­tark­ti­ka­da bir­nä­çe aý­lap Gün bat­ma­ýar.

Dün­ýä­niň il­kin­ji ma­ýa­gy ha­sap­lan­ýan Alek­sand­ri­ýa ma­ýa­gy­nyň uzyn­ly­gy hä­zir­ki­ler­den 3 es­sä ba­ra­bar uly bo­lup­dyr.

Li­mo­ny ki­çi­räk lam­pa­ny ýak­mak­da ener­gi­ýa çeş­me­si hök­mün­de ula­nyp bol­ýar.