Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň söwda mümkinçiliklerini giňeltmek, eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak wezipeleri möhüm orun eýeleýär. Şunda ýurdumyzyň daşary ykdysady syýasatynda bu gatnaşyklar ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar we Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu barada 10-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde mälim edildi.
Bütindünýä Söwda Guramasy – halkara söwdasyny döwrebaplaşdyrmak we agza döwletleriň söwda hem-de syýasy gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak maksady bilen 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda döredilen halkara guramadyr. BSG – bu köpçülikleýin pikir alyşmalar we gepleşikler geçirilende halkara söwdasynyň kadalary döredilýän hem-de onuň ýolundaky päsgelçilikleri azaltmak meselelerine garaýan forumdyr. BSG-niň ştab-kwartirasy Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýär. BSG-niň başlygy Robertu Karwalýu di Azewedu bolup, guramanyň takmynan, 600 işgäri bar. Bu gurama 1947-nji ýylyň oktýabr aýynda Ženewada 23 ýurt tarapyndan gol çekilen Nyrhlar we söwda baradaky umumy şertnamanyň mirasdüşeri bolup durýar.
Guramanyň wezipeleri:
Söwda şertnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;
Guramanyň agzalarynyň arasyndaky söwda meselelerini çözmek;
Guramanyň agzalarynyň söwda syýasatlaryna gözegçilik etmek;
BSG-niň täze düzgünleri boýunça söwda gepleşiklerini guramak we üpjün etmek;
Gurama täze agzalary kabul etmek.
Nyrhlar we söwda baradaky umumy şertnama importuň gümrük paçlaryny azaltmak bilen birlikde, haryt söwdasynyň erkinleşdirilmegi üçin zerur esaslary döretdi. Häzirki wagtda BSG-niň Nyrhlar we söwda baradaky umumy ylalaşygy köptaraplaýyn söwda şertnamalarynyň düzgünleri hökmünde 150-den gowrak ýurtda eksport-import gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin esas hökmünde ulanylýar.
BSG-niň iň ýokary dolandyryş edarasy Ministrler konferensiýasydyr (Ministerial Conference). Düzgün bolşy ýaly, BSG-ä agza ýurtlaryň söwda ministrleri ýa-da daşary işler ministrleri her iki ýyldan bir gezek ýygnanýarlar. Bu maslahatyň köptaraplaýyn gepleşikleriň täze tapgyrlary baradaky kararlary kabul etmäge ygtyýarlygy bar. Baş Geňeş tarapyndan dolandyrylýan Ministrler konferensiýasy ýylda birnäçe gezek Ženewada geçirilýär. BSG-niň agzalary Baş Geňeşde, adatça, ilçi derejesinde wekilçilik edýärler.
Baş Geňeşiň gözegçilik edaralary:
Haryt söwdasy geňeşi;
Hyzmatlar boýunça söwda geňeşi;
Intellektual eýeçilik geňeşi.
Öz gezeginde ýokardaky edaralar ýöriteleşdirilen iş toparlarynyň işine gözegçilik edýärler. Baş Geňeş bilen birlikde BSG-niň ýene-de has möhüm iki sany edarasy bar: Olar meseleleri çözmek boýunça edara (BSG-niň kazyýeti) we Söwda syýasatyna syn guramasy (BSG-niň söwda çäreleriniň gözegçisi).
Gurama girmegiň ýolunda:
işler we mümkinçilikler
Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny, şol sanda söwda-ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistanda BSG-ä goşulmak baradaky meseläni öwrenmek maksady bilen, geçen ýyl ýörite hökümet topary döredildi. Bu toparyň mejlisleriniň, şeýle hem, şol edaranyň wekilleri we halkara bilermenleri bilen geçirilen geňeşmeleriň jemleri boýunça ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna synçy hökmünde gatnaşmagynyň ilkinji ädim hökmünde milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagy üçin amatly şertleri döretjekdigi bellenildi.
15-nji aprelde daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Toparyň mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasynda synçy derejesini almagyna degişli anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
BSG-ä goşulmak Türkmenistanyň uzakmöhletleýin bähbitlerine hem-de ykdysadyýeti globallaşdyrmagyň dünýä boýunça meýline kybap gelýär. Çünki döwlet BSG-ä kabul edilenden soň, oňa bu halkara guramanyň ähli agzalary tarapyndan amatly şertler döredilýär, dürli ykdysady ýeňillikler berilýär. Öz ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrýan, giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalary we taslamalary amala aşyrýan Türkmenistan üçin häzirki zaman tehnologiýalarynyň elýeterli boljakdygy munuň subutnamasydyr.
Häzir bu guramanyň düzümine döwletleriň 160-dan gowragy girýär, ýurtlaryň 25-den gowragy bolsa synçy derejesine eýedir. Bu abraýly gurama agza bolmak Türkmenistan üçin täze ýollary açar hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmagyna we ösdürmegine goşant goşjak halkara bäsleşigine ukyplylygyny artdyrmak üçin mümkinçilikleri döreder.