3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni halkara derejesinde bellenilip geçildi. “Batch Bicycles” şereketi bu şanly sene mynasybetli “Step-Thru” hem-de “Step-Thru Plus” atly iki sany welosipedini köpçülige tanyşdyrdy. Welosiped önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan “Batch Bicycles”-yň täze ulaglary owadanlygy bilen tapawutlanyp, şäher içinde sürmäge niýetlenipdir. Münüp-düşmek hem aňsat bolan ulagyň yz tarapynda ýük goýmak üçin hem ýer göz öňünde tutulypdyr. Oňa iki bolup hem münip bolýar. Adamyň güýji bilen bir hatarda elektrik energiýasy bilen hem işleýän ulaglar motorynyň kuwwaty babatda bir-biriden tapawutlanýar. Welosipediň pedaly aýlananda onuň tizligini sagatda 20 kilometre ýetirip bolýar. Ulaglar bir gezekki zarýady bilen 50-80 km aralygynda ýol geçip bilýär. Welosipedler güýçli duruzyjy ulgam bilen üpjün edilipdir.