Şu ýylyň 23-24-nji maýynda Bütindünýä ynsanperwer sammiti geçiriler. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Täzelikler merkezi habar berýär.
BMG-niň Täzelikler merkeziniň habar bermegine görä, bu sammiti ýokary derejede guramak üçin zerur çäreler geçirilýär. BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun dünýä döwletleriniň liderlerini bu sammite gatnaşmaga çagyrdy.
– Ynsanperwerlik ýörelgelerine biperwaý seredilmegine ýol berip bolmaz. Häzirki wagtda 125 milliondan gowrak adam gyssagly kömege mätäç. Şonuň üçin döwlet ýolbaşçylaryny bu sammite gatnaşmaga çagyrýaryn. Olaryň adamzadyň agzybirligiň we hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek subut etmegini isleýäris. Stambul şäherinde geçiriljek sammite ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Dünýä liderleriniň XXI asyryň esasy meseleleriniň birini çözmäge goşant goşmagyny isleýäris – diýip, BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun metbugat ýygnagynda gürrüň berdi.
Pan Gi Munuň habar bermegine görä, 23-nji maýda sammite gatnaşýan döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçiriler. Şeýle hem sammitiň çäklerinde ýygnaklar dürli derejede bölümçelerde guralar.