Hin­dis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da sa­par­da bol­dy. Ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len eý­ran-hin­di gep­le­şik­le­ri­niň bar­şyn­da bir­nä­çe yla­la­şy­ga gol çe­kil­di we hu­su­san-da, Eý­ra­nyň Çabahar por­tu­ny kä­mil­leş­dir­mek ba­bat­da yla­la­şyl­dy. Çabahar-Za­he­dan-Za­ranj ulag ge­çel­ge­si­ni ös­dür­mek üçin bu por­tuň äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy bel­le­nip ge­çil­ýär.
Hin­dis­ta­nyň “In­di­an Ports Glo­bal Private” we Eý­ra­nyň “Arya Ba­na­dar” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da Çabahar por­tu­nyň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak ba­bat­da yla­la­şy­ga gol çek­di. Bu res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, por­ty ös­dür­mek ba­bat­da iş­le­riň bi­rin­ji tap­gy­ry­na ba­dal­ga ber­ler. Onuň 2 ter­mi­na­ly we 5 köp mo­dal­ly du­ral­gasy­nyň dur­ky tä­ze­le­ner. Hin­dis­ta­nyň hö­kü­me­ti mu­nuň üçin 200 mil­li­on dol­lar ma­ýa goý­ar. Onuň 150 mil­lio­ny Hin­dis­ta­nyň EXIM ban­ky ta­ra­pyn­dan karz hök­mün­de ber­ler.
Res­mi gol çe­kiş­lik da­ba­ra­syn­dan soň­ra Hin­dis­ta­nyň hem-de Eý­ra­nyň ýol­baş­çy­la­ry met­bu­gat we­kil­le­ri­ne ýüz­len­di. Li­der­ler por­tuň äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy­ny bel­läp, bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ta­gal­la e­dil­jek­di­gi­ni bel­le­di.
– Ça­ba­har por­ty äh­li ma­ýa go­ýum­lar bi­len Eý­ran bi­len Hin­dis­ta­nyň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ny­şa­ny­na öw­rü­ler. Ol gü­nor­ta bi­len de­mir­ga­zy­gyň ara­syn­da ulag ge­çel­ge­si­ni çalt­lan­dy­rar. Şeý­le hem Çabahar­dan Za­he­da­na, on­da­nam Za­ran­ja çen­li de­mir ­ýol çek­mek ba­bat­da­ky tas­la­ma­ny hem unut­ma­lyň. Ça­ba­har dür­li ýurt­la­ry bir­leş­dir­ýän esa­sy no­kat bo­lar, esa­san hem, Hin­dis­ta­ny, Ow­ga­nys­ta­ny, Mer­ke­zi Azi­ýa­ny, GDA-ny hem-de Gün­do­gar Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­ny öza­ra bir­leş­di­rer – di­ýip, Eý­ra­nyň Pre­zi­den­ti Ha­san Ru­ha­ni bel­läp geç­di. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, por­tuň ös­dü­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de, Eý­ran bi­len Hin­dis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­tiniň bir­nä­çe ugur­la­ryn­da, hu­su­san-da, al­ýu­min önüm­çi­li­gin­de hem-de ne­bit­-hi­mi­ýa ugur­la­ryn­da oňat gat­na­şyk­lar ýo­la goý­lar.
Hin­dis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di, öz ge­ze­gin­de, ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar­da tä­ze sa­hy­pa­la­ry aç­jak­dy­gy­na uly ynam bil­dir­di.

Ulag ge­çel­ge­si bo­ýun­ça
üç­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk
Hin­dis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bi­len bir ha­tar­da, şol gün Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Aş­raf Ga­ni-de Eý­ran­da sa­par­da bol­dy. Täh­ran­da üç ýur­duň ara­syn­da ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek ba­bat­da üçta­rap­la­ýyn yla­la­şy­ga gol çe­kil­di.
Üç ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da gol çe­ki­len res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, döw­let­le­riň ara­syn­da­ky söw­da we se­na­gat pu­dak­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­lyk has-da ös­dü­ri­ler. Eý­ra­nyň Pre­zi­den­ti da­ba­ra­da eden çy­ky­şyn­da yla­la­şyk ga­za­ny­lan gü­nüň gel­jek­de Ça­ba­har gü­ni hök­mün­de ýat­lanyl­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di.